Alymlar nädogry yerlerde tokay(baglary) ekmegiñ Yer togalagyna zyyan yetirip biljekdigini anykladylar.
Klark uniwersitetiniň amerikan alymlary nädogry ýerlerde agaç ekmegiň howanyň üýtgemegini ýokarlandyrýan global ýylylyga goşant goşup biljekdigini anykladylar. Bu gözleg Nature Communications (NatComms) ylmy žurnalynda çap edildi.
Agaçlar kömürturşy gazyny siňdirýär we zaýalanan tokaýlary dikeltmek ýa-da tokaý örtügini ýokarlandyrmak üçin nahal oturtmak howanyň üýtgemegine garşy göreşde gurallaryň biridir.
Ýöne käbir ýagdaýlarda köp mukdarda agaç Gün energiýasynyň Ýeriň ýüzünden az şöhlelenjekdigini aňladýar.
Alymlar ilkinji gezek öz hasaplamalarynda albedo täsirini – planetamyzdan şöhlelenýän Gün radiasiýasynyň mukdaryny göz öňünde tutdular. Olar albedodaky üýtgeşmeler sebäpli täze tokaý nahallarynyň sowadyş täsiriniň 20-80% peselip biljekdigine göz ýetirdiler.
Gözlegiň netijesine görä, otluklaryň we sawannalaryň tokaýlara öwrülmegi bu sebitleriň albedosyny azaldyp, Ýeriň ýylylygyny ýokarlandyrar.
Hünärmenler Amazonka we Kongo jeňňellerini tokaý döretmek taslamalary üçin iň amatly ýer diýip atlandyrdylar.