sabyrly
12.02.2024 18:46
Bilýän ýyllar geçer akyllanarsyñ,
Hem bolmarsyñ häzirkiñ deý göwünjeñ.
Meni maýyl bolup makullamarsyñ,
Aýy sowgat etmek hakda öwünsem.

Barmaklañ yatlamaz saçymy günde,
Ýañaklañ egnime kem deger onsoñ.
Menem seni saklap bilmen  içinde,
Aýama aý-ýyllar kir degirensoñ.

Deñziñ kenaryndan söz beren öýüm,
Gurular bir obañ gyrajygynda.
Görkümi ýitirip garrap giderin,
Owadan gözlerñiñ garaçygynda.

Dañlar maña haýryn görmezler rowa,
Señ uzyn gijeler aglanyñ üçin.
Sen menden ynjarsyñ öz söýen, juwan,
Şazadañ keşbinde galmanym üçin.

Mätgurban MÄTGURBANOW
26
33
sabyrly
12.02.2024 10:26
Gelsin ýedi aşyklar,
Menzillerden aşyplar,
Goşgy goşdum joşuplar,
Söýgüliler gününde.

Aşyk magşugyn tapar,
Arzuwlar topar topar,
Tolgunýaryn her sapar,
Söýgüliler gününde.

Gözlerde hyýal uçgun,
Kalba çaýar bir göçgün,
Sözleşerler has içgin,
Söýgüliler gününde,

Sowgadyň gowsun saýlap,
Ýürekden söýgüm söýläp,
Gel dünýäm bahar eýläp,
Söýgüliler gününde.

Hakydamda dur bellik,
Bir günlik däl her günlik,
Bol ýanymda ömürlik,
Söýgüliler gününde.

Bolmaýyn agyr dertde,
Oturmaýyn bir çetde,
Gutar ýanyma ýetde,
Söýgüliler gününde.

Gutlagym bolsun şygrym,
Ot aldy gara bagrym,
Geldim ýanyňa ogryn,
Söýgüliler gününde,

Süleýman TEKÄÝEW
29
58
sabyrly
11.02.2024 17:24
Senä uly gyzdyň zülpleri towly,
Menem bir maşgalaň körpeje ogly.
Menä söýýän diýip saýran bolardym,
Senem monça bolup aýnan bolardyň.

Hemmişe gizlenip göz bilen dilden,
Bileje ýörärdik gumşakly ýoldan,
Ir säherden baryp atyzly pele,
Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.

Köp sorag bererdim, sebap uludyň,
Gül ülkämde gözelleriň gülüdiň.
Degişip diýerdiň: “Basym ýigit bolarsyň,
Öýlenmekçi bolsaň meni alarmyň”?!

Kyndy bu sowallyň, jogap tapardan,
Oýlanýanym görüp gözün gypardyň.
Köp pikir ederdim bolup haly ten,
Diýerdiň: “Jogap berdä sowallyma meň”.

Jady gözleň, aşygy men aşygy,
Ýöne neýleý çapraz gelen ýaşymy,
Taýyn baky öwrülmäge guluňa,
Arman läläm ýaşyň menden uluda.

Men ýigit çykýançam ynanaý gülüm,
Sen bolarsyň, ençe çagaly gelin.
Soň diýerdiň: “Ömürimin ahyrna cenli,
Garasaryn eger aljagyñ bilsem.

Emma bu durmusda etsenem gowun,
Hasyl bolayanok eden arzuwyn,
Kate soyen soymedige catylýa,
Ykbal aty bizden bidin capylýa.

Aýra duşsek hergiz gownun galmasyn,
Bir dilegim guler yuzun solmasyn,
Omur salyn şat durmusda kurekle,
Hem soygimiz sakla baky ýurekde.

Şeydip bezediñ sen özgän törini,
Soñ asla gormedik birek-biregi.
Bir wagt öwrülenson göwun şadyma,
Ynha bu gun düşdin ýene ýadyma,
Menä bir masgalañ körpeje ogly,
Senem uly gyzdyñ zülpleri towly.
38
188
sabyrly
11.02.2024 10:11
Adamzadyñ geñ häsiýetleri.
Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?" Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler. Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar. Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir!
32
79
sabyrly
10.02.2024 16:44
Gowy günler gözümizden gitmesin,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.
Namardyň, näkesiň dili ýetmesin,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.

Durmuşdyr bu,
Şatlygam bor, hasrat-da,
Gara gözler gark bolmasyn gaflatda.
Hemmäň göwni saldamlyda, agrasda,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.

Çyn gülküler bolar ömre barabar,
Günler uçar guşdur, yzyn garamaz.
Göwün näzik, doňsa aňsat eremez,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.

Ýalan aglamalyň, ýalan gülmäliň,
Bagtyýar günlerde ösüp, gülläliň.
Öýke-kine diýen zady bilmäliň,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.

Bu günler beýikdir, bagtly döwürdir,
Ýagşylykly günler baky ömürdir.
Taňry ak ýüzüni bize öwürdi,
Geliň, bir-birege mährem bolalyň.

Rejepgeldi Mejikow
32
47
sabyrly
10.02.2024 11:40
Bir uniwersitediñ kitaphanasynda oglan gyzyñ stolyna ýakynlaşyp ýuwashdan sorar: "Ýanyñyzda oturyp bilerinmi?" Gyz, gaty ses bilen takyk jogap berer:"GIJÄMI SIZIÑ BILEN BOZUK ETMEK ISLEMERIN!..."
Gyzyñ sözlerini her kim eşdip, başlaryny galdyrdy we dik aýakdaky oglana hyrsyz bakyş bilen seretdiler. Oglan erbet utanyp hiç bir zat diýmän, gamly öz stoluna tarap gaýtýar... Birnäçe minut soñra gyz ýerinden sessizje turup, oglanyñ stoluna ýaklaşýar we oña ýuwaşja şeýle diýer: "Men psihologiýa sapak alýardym; häzir,şilkeren bir erkege nähili garşylygny berilşini öwrenmek isläpdim bu ýerde sizide her kimiñ öñünde biraz utandyrdym öýtýän, ötünç soraýan!" Bu gezek oglan ony uly ses bilen jogap gaýtardy :"BIR GEJELIGNE 200 DOLLARMY?.. KÖP PUL!.." Oglanyñ diýenlerinide ýene her kim eşdip we bu gezek ayak üstündäki gyza göni seretmekdediler weli, oglan eşiden jogabyna haýran galyp özüni ýitiren gyzyñ gulagyna yakynlaşyp şeýle pyşyrdady:"Mende hukukdan sapak alýan: aýlap birini günäkär ýaly nähili görkezip bilýänmi öwrenmek isläpdim, ötünç soraýan!"Adamlara täsir etmek üçin psihologiýa öwrenmek dogry bolsa, onda sendäki edep, mylaýymlyk, utanç, adamkärçilik saña nämä gerek... Ol duýgylar seni kämilleshdirýändir aslynda....
48
199
sabyrly
09.02.2024 17:39
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler,
ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban!

© Aýgül GARAÝEWA
36
51
sabyrly
09.02.2024 11:19
Hany söýgiň, gussalarmy geňlemäň?
Hany yşkyň – ýüregimden ýol eden?
Ýyllarboýy çözüp ýören deňlemäm
Ahyrynda bolmalymy nola deň?

Ak geçiniň owlagy deý bagtymyz,
Gelşi ýaly, geçip gitdi gamaklap.
Söýgimize daýanmaly wagtymyz
Olam gitdi, kalbymyza gam oklap.

Töweregim ýaly, kalbym çolardy,
Ýeke galyp, çamra boldum çöl içre.
Durmuş, ykbal – bizi aýran şolardy,
Erem bolar, gözýaşymy çöl içse.

Ýollar seni menden alyp gaçdylar,
Gizlediler kölgesinde günleriň.
Arkama berk düwülipdir, nädeýin,
Gaýgy-gamdan düwüp giden gülberiň.

Kalbymdaky saňa bolan söýgim deý,
Çyrpynyp  dur aramyzda aralyk.
Köşeşdiräýmesem özümi özüm,
Söýgim üçin bilemok men ar alyp.

Asmana uçmakçy bolan ekenim,
Münüp ýellenmedik howa şara men.
Ýuwudyp gaýgymy, öwrülip barýan
Müň kaksaňam seslenmejek tara men.

Serim – däli derýa, entegem sen diýp,
Düňdermäge taýyn  ählije zady.
Belki, şudur aşa sadalyk  üçin
Durmuşyň şarpygy, ähli jezasy!

Bir gün däli derýaň suwy durlanar,
Döwük göwnüm özge birin halamaz.
Menden saňa salam eltmez durnalar,
Beýnim indi ýüregimden nalamaz.

«Söýýän» diýip, gygyraryn gurruga,
Soňam ösmezligni dilärin gamşyň.
Men synlap bilmerin, özüň bir synla
Söýgiň gözlerimden ýaş bolup damşyn.

Dert goşmaýyn bu ýüregmiň derdine,
Gözýaşyma ezilmesin kagyzym.
Gamly setirlerim üçin bagyşla,
Hemişelik düýne dönen şagyzym.

Mukam MUHAMOW
29
21
sabyrly
08.02.2024 15:43
Bakyp yşga duçar etdiñ,
Saçyñ taryn dutar etdim,
Bagyna gül bolup bitdiñ,
Aý deñinde goýýan seni,
Gara gözlim söýýän seni.

Söýgim aýtsam oýun görýäñ,
Her gün synap oýun gurýañ,
Ýalbaryplar boýnum burýan,
Ne azara goýýañ meni,
Şirin sözlim söýýän seni.

Goýduñ ýolda garagymy,
Sen ruhumyñ höregimi,
Özgä dözmez ýüregimi,
Berýän aýap sakla ony,
Güler ýüzlim söýýän seni

Sen ömrümiñ ýagty ýüzi,
Şat geçirýäs wagtymyzy,
Gel birläli bagtymyzy,
Aýralygyñ gelsin soñy,
Bahar ýazlym söýýän seni.

Dertlerimi emsiz goýma,
Sensiñ howam demsiz goýma,
Süleýmany sensiz goýma,
Men ýanaryn duýýan muny,
Hoş owazlym söýýän seni

Süleýman TEKÄÝEW
31
26
sabyrly
08.02.2024 09:59
ZYNJYRLARY ÜZÜÑ!
Biz­ gö­ýä­ üs­ti­ üs­tü­ne­ ge­len­ ba­şar­nyk­syz­lyk­lar bi­len,­ özü­mi­ze­ bo­lan­ yna­myň­ pu­ja­ çy­ka­ryl­magy bi­len,­ ru­hu­my­zy­ we­ güý­jü­mi­zi­ pe­se­ düşüren­ ynsan­lar­ bi­len­ aýa­gyn­dan­ zyn­jyr­lanan­ ki­çi­jek­ pil­ ça­ga­jy­gy­ deý.Hem­me­ za­dy­ gu­ta­ran,­ özü­ni­de­ çä­re­siz­ ga­lan ha­sap­la­ýan­ ynsan­lar­ mun­dan­ soň­ra­ özü­niň­ hiç­za­dy­ ba­şar­majak­dy­gy­na­ öz­ özü­ni­ ynan­dy­rar.­ Öz yna­myn­dan­ özü­ni­ daş­laş­dy­rar.­Beý­le­ yn­san­la­ryň­ aýa­gy­zyn­jyr­ly­ ne­res­se­ pilja­gaz­dan­ ta­pa­wu­dy­ ýok.
«Pil­le­riň­ ki­çi­jek­ ma­ha­ly­ hiç­ ýe­re­ ga­çyp­ gi­däýme­sin­ di­ýip,­ sag­ly­gy­na­ zy­ýan­ ýe­tir­mez­ dere­je­de aýak­la­ry­ny­ zyn­jyr­la­ýar­lar.­ Ça­ga­ pil­ bolsa­ yl­gama­ga,­ ga­çyp­ git­mä­ge­ sy­na­nyş­ýar.­ Her­ nä­çe­ jan et­se­de,­ ki­çi­jik­ pil­ja­ga­zyň­ hiç­ zada­ güý­ji­ ýet­me­ýär.­ Bir­nä­çe­ sy­na­ny­şyk­la­ry­nyň­ şow­suz­ ta­mamlan­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de­ bolsa,­ pil­ja­gaz­ özü­niň­ hiç­ ha­çan­ ga­çyp­ gi­dip­ bil­me­je­gi­ne,­ aýa­jy­gyn­da­ky zyn­jyr­la­ry­ny­ üz­mäge­de,­ zyn­jyr­la­ry­ bag­la­ny­lyp goý­lan­ ul­la­kan­ dem­ri­ ýe­rin­den­ goz­ga­ma­ga­da güý­jü­niň­ ýet­me jek­di­gi­ne­ göz­ ýe­tir­ýär.­ Şo­nuň­ neti­je­sin­de­de,­erkin­lik­ is­le­gin­den­ kem­ kem­den­ daş­laş­ýar.­Daş­laş­dy­gy­ sa­ýy­ hem­ bu­ is­le­gi­ düý­bün­den­ ýi­tir­ýär.­Şeý­le­lik­de­ er­kin­lik­ is­le­gi­ni­ ýi­ti­ren­ pi­liň­ aýagyn­da­ky­ zyn­jyr­lar­ aý­ryl­ýar.­ Zyn­jyr­la­ryň­ de­re­gi­ne piliň­ aýa­gy­ ýö­ne­keý­je­ ýüp­ja­gaz­ bi­len­ da­ňyl­ýar.­Zyn­jyr­la­ryň­ ber­ki­di­lip­ goý­lan­ dem­ri­ne­ de­rek­hem­ ýö­ne­keý­je­ agaç­ go­ýul­ýar.­ Ine­de,­gaç­mak­üçin­ amat­ly­ pur­sat!­ Em­ma­ pil du­ran­ ýe­rin­den­ but­na­ma­gam­ is­le­me­ýär.­ Er­kindi­gi­ne­ se­ret­mez den,­ gaç­ma­ga­ milt­ hem­ ede­nok.­ Çün­ki­ onuň­aňyn­da­ky­ ýe­ke­täk­ pi­ki­ri­ aýa­gyn­da­ky zyn­jyr­la­ry­hiç­ ha­çan­ üzüp­ bil­me­jek­di­gi.So­ňa­ba­ka­ pi­liň­ aýa­gyn­da­ky­ in­çe­jik­ ýüp­ hem aý­ryl­ýar.­Em­ma­şon­da­da­ pil­ du­ran­ ýe­rin­den­ butna­ma­ýar.­ Se­bäbi­ ol­ özü­ni­ şol­ du­ran­ ýe­ri­ne­ amanat­ ha­sap­laýar».
Psi­ho­lo­gi­ýa­da­ mu­ňa­ öw­re­ni­şi­len­ çä­re­siz­lik diýil­ýär.­ Il­ki­ba­da­ ba­şar­ma­ny­ňyz,­ şow­suz­ bo­la ny­ňyz­ üçin­ sy­na­nyş­mak­dan­ ýüz­ öwür­mäň!­ Syna­nyş­mak­ bi­raz­ be­de­ni­ňi­zi­ ar­gyn­la­da­nam­ bol­sa,­ ruhu­ňy­zy­ pe­se­ dü­şür­me­sin!­ Hat­da­ aýagy­ňyz­ zynjyr­ly­ka­da­ sy­na­nyş­ma­gy­ do­wam­ediň! Siz­ aýa­gy­ňyz­da­ky­ zyn­jyr­lar­da­nam,­ gar­şyňyza­ çy­kan­ päs­gel­çi­lik­ler­de­nem­ güýç­lü­si­ňiz!­Aýagy­ňy­za­ bag­la­nan­ zyn­jyr­la­ry­ üzüň!­Ba­şar­maryn­ öýt­mäň,­siz­ ba­şa­rar­sy­ňyz!

Miraç Çagri AKTAŞ
30
63