Hany söýgiň, gussalarmy geňlemäň?
Hany yşkyň – ýüregimden ýol eden?
Ýyllarboýy çözüp ýören deňlemäm
Ahyrynda bolmalymy nola deň?
Ak geçiniň owlagy deý bagtymyz,
Gelşi ýaly, geçip gitdi gamaklap.
Söýgimize daýanmaly wagtymyz
Olam gitdi, kalbymyza gam oklap.
Töweregim ýaly, kalbym çolardy,
Ýeke galyp, çamra boldum çöl içre.
Durmuş, ykbal – bizi aýran şolardy,
Erem bolar, gözýaşymy çöl içse.
Ýollar seni menden alyp gaçdylar,
Gizlediler kölgesinde günleriň.
Arkama berk düwülipdir, nädeýin,
Gaýgy-gamdan düwüp giden gülberiň.
Kalbymdaky saňa bolan söýgim deý,
Çyrpynyp dur aramyzda aralyk.
Köşeşdiräýmesem özümi özüm,
Söýgim üçin bilemok men ar alyp.
Asmana uçmakçy bolan ekenim,
Münüp ýellenmedik howa şara men.
Ýuwudyp gaýgymy, öwrülip barýan
Müň kaksaňam seslenmejek tara men.
Serim – däli derýa, entegem sen diýp,
Düňdermäge taýyn ählije zady.
Belki, şudur aşa sadalyk üçin
Durmuşyň şarpygy, ähli jezasy!
Bir gün däli derýaň suwy durlanar,
Döwük göwnüm özge birin halamaz.
Menden saňa salam eltmez durnalar,
Beýnim indi ýüregimden nalamaz.
«Söýýän» diýip, gygyraryn gurruga,
Soňam ösmezligni dilärin gamşyň.
Men synlap bilmerin, özüň bir synla
Söýgiň gözlerimden ýaş bolup damşyn.
Dert goşmaýyn bu ýüregmiň derdine,
Gözýaşyma ezilmesin kagyzym.
Gamly setirlerim üçin bagyşla,
Hemişelik düýne dönen şagyzym.
Mukam MUHAMOW