ZYNJYRLARY ÜZÜÑ!
Biz göýä üsti üstüne gelen başarnyksyzlyklar bilen, özümize bolan ynamyň puja çykarylmagy bilen, ruhumyzy we güýjümizi pese düşüren ynsanlar bilen aýagyndan zynjyrlanan kiçijek pil çagajygy deý.Hemme zady gutaran, özünide çäresiz galan hasaplaýan ynsanlar mundan soňra özüniň hiçzady başarmajakdygyna öz özüni ynandyrar. Öz ynamyndan özüni daşlaşdyrar.Beýle ynsanlaryň aýagyzynjyrly neresse piljagazdan tapawudy ýok.
«Pilleriň kiçijek mahaly hiç ýere gaçyp gidäýmesin diýip, saglygyna zyýan ýetirmez derejede aýaklaryny zynjyrlaýarlar. Çaga pil bolsa ylgamaga, gaçyp gitmäge synanyşýar. Her näçe jan etsede, kiçijik piljagazyň hiç zada güýji ýetmeýär. Birnäçe synanyşyklarynyň şowsuz tamamlanmagy netijesinde bolsa, piljagaz özüniň hiç haçan gaçyp gidip bilmejegine, aýajygyndaky zynjyrlaryny üzmägede, zynjyrlary baglanylyp goýlan ullakan demri ýerinden gozgamagada güýjüniň ýetme jekdigine göz ýetirýär. Şonuň netijesindede,erkinlik isleginden kem kemden daşlaşýar.Daşlaşdygy saýy hem bu islegi düýbünden ýitirýär.Şeýlelikde erkinlik islegini ýitiren piliň aýagyndaky zynjyrlar aýrylýar. Zynjyrlaryň deregine piliň aýagy ýönekeýje ýüpjagaz bilen daňylýar.Zynjyrlaryň berkidilip goýlan demrine derekhem ýönekeýje agaç goýulýar. Inede,gaçmaküçin amatly pursat! Emma pil duran ýerinden butnamagam islemeýär. Erkindigine seretmez den, gaçmaga milt hem edenok. Çünki onuňaňyndaky ýeketäk pikiri aýagyndaky zynjyrlaryhiç haçan üzüp bilmejekdigi.Soňabaka piliň aýagyndaky inçejik ýüp hem aýrylýar.Emmaşondada pil duran ýerinden butnamaýar. Sebäbi ol özüni şol duran ýerine amanat hasaplaýar».
Psihologiýada muňa öwrenişilen çäresizlik diýilýär. Ilkibada başarmanyňyz, şowsuz bola nyňyz üçin synanyşmakdan ýüz öwürmäň! Synanyşmak biraz bedeniňizi argynladanam bolsa, ruhuňyzy pese düşürmesin! Hatda aýagyňyz zynjyrlykada synanyşmagy dowamediň! Siz aýagyňyzdaky zynjyrlardanam, garşyňyza çykan päsgelçiliklerdenem güýçlüsiňiz!Aýagyňyza baglanan zynjyrlary üzüň!Başarmaryn öýtmäň,siz başararsyňyz!
Miraç Çagri AKTAŞ