sabyrly
12.02.2024 10:26
Gelsin ýedi aşyklar,
Menzillerden aşyplar,
Goşgy goşdum joşuplar,
Söýgüliler gününde.

Aşyk magşugyn tapar,
Arzuwlar topar topar,
Tolgunýaryn her sapar,
Söýgüliler gününde.

Gözlerde hyýal uçgun,
Kalba çaýar bir göçgün,
Sözleşerler has içgin,
Söýgüliler gününde,

Sowgadyň gowsun saýlap,
Ýürekden söýgüm söýläp,
Gel dünýäm bahar eýläp,
Söýgüliler gününde.

Hakydamda dur bellik,
Bir günlik däl her günlik,
Bol ýanymda ömürlik,
Söýgüliler gününde.

Bolmaýyn agyr dertde,
Oturmaýyn bir çetde,
Gutar ýanyma ýetde,
Söýgüliler gününde.

Gutlagym bolsun şygrym,
Ot aldy gara bagrym,
Geldim ýanyňa ogryn,
Söýgüliler gününde,

Süleýman TEKÄÝEW
29
58
manolya
12 Fewral 2024
@_Bilesigeliji, wiii ol hristianlaň baýramy ekenä 😑
Akram_Beshimov
12 Fewral 2024
@mawy, @kppbilmish, agzanyñ soñky postlarynda bar Valentin güni barada
manolya
12 Fewral 2024
@sabyrly, düśündim-â 🙂
sabyrly
12 Fewral 2024
@sabyrly, bagtly etjek bolmaly yalñyş gidipdir🙃
manolya
12 Fewral 2024
@sabyrly, belki :)
sabyrly
12 Fewral 2024
@mawy, degişli däl diýme belki şol gün saña ömür boýy ýanyñda boljak seni bagtly eyjek adama duşurar bagty uzakdan gözlemeli däl
manolya
12 Fewral 2024
Bizä degişli däl onda ol gün (
manolya
12 Fewral 2024
Bäh.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.