sabyrly
12.02.2024 18:46
Bilýän ýyllar geçer akyllanarsyñ,
Hem bolmarsyñ häzirkiñ deý göwünjeñ.
Meni maýyl bolup makullamarsyñ,
Aýy sowgat etmek hakda öwünsem.

Barmaklañ yatlamaz saçymy günde,
Ýañaklañ egnime kem deger onsoñ.
Menem seni saklap bilmen  içinde,
Aýama aý-ýyllar kir degirensoñ.

Deñziñ kenaryndan söz beren öýüm,
Gurular bir obañ gyrajygynda.
Görkümi ýitirip garrap giderin,
Owadan gözlerñiñ garaçygynda.

Dañlar maña haýryn görmezler rowa,
Señ uzyn gijeler aglanyñ üçin.
Sen menden ynjarsyñ öz söýen, juwan,
Şazadañ keşbinde galmanym üçin.

Mätgurban MÄTGURBANOW
26
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.