orhideya_
17.11.2023 22:30
Öz ýüregiň nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin, arzuwa çümeniňde aňyň nirelerde gezýändigine üns ber!

Edil bütin şäheri diňe swetoforyň ýaşyl yşygynda kesip geçip bolmaýşy ýaly, bütin ömrüňe-de kimdir biri bilen sögüşmän, dawalaşman ýaşap bolmaýar.

Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.

Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!

Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.

Genri Wan Deýk şeýle diýipdir: “Özüňizde bar bolan zehini ulanyň. Çünki, diňe beýlekilerden gowy saýrap bilýän guşlar tokaýda saýrasady, onda tokaýda juda tukat ümsümlik höküm sürerdi”.

Durmuşda ýaşamaga many, söýmäge, ynanmaga we aladasyny etmäge kimdir biri barka, hemme zada-da döz gelip bolar!

Kalplaryň ymtylyşy dostluga öwrülýär. Paýhaslaryň ymtylyşy hormata öwrülýär. Tenleriň ymtylyşy hyjuwa öwrülýär. Diňe şularyň hemmesiniň ymtylyşy söýgä öwrülýär.
24
86
orhideya_
17.11.2023 10:38

Bagt – bu posa ýalydyr. Ondan lezzet almak üçin ony kimdir biri bilen paýlaşmaly.


Özleriniň däl-de siziň halyňyzyň harap wagtynda ýanyňyza gelýänleriň gadryny biliň!


Gözüňizi açmaga çalyşýanlaryň agzyny ýumdurmaň!


Özlerine kömek etmeýän adamlara ýardam berjek bolmagyň hiç hili manysy ýokdur. Eger-de adamyň özi basgançakdan ýokaryk galmak islemese, ony ýokaryk galmaga mejbur etmek mümkin däldir.


Her kes ýalňyşýar. Ýalňyşyny mynasyplar boýun alýar. Edermenler ötünç soraýar. Gaýratly gatnaşmagyny dowam edýär.


Nämedir bir zady üýtgetmek isleýän bolsaň, batyrgaý bol! Eger-de nämedir bir zady üýtgedip bolmajak bolsa sabyrly bol! Haçan batyrlygyň, haçan bolsa sabyrlylygyň gerekdigini bilmek üçinem dana bol!


Eger-de kimdir biri saňa çukur gazýan bolsa – päsgel berme! Gazyp bolanyndan soň, onuň çukuryny özüňe serhowuz edinersiň. Eger-de seniň süňkleriňi ýuwýan (gybatyňy edýän) bolsalar – minnetdar bol! Soň süňkleriňde artroz emele gelmez. Eger-de seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar – buýsan! Diýmek sen öňde barýansyň. Eger-de nähak göwnüňe degseler – öýkeleme, ar aljak bolma! Seret, seniň deregiňe durmuş nädip ar alýar!


Kimdir birinden ötünç soramak seniňkiň-ä nädogrudygyny, onuňkyňam dogrudygyny aňlatmaýar. Bu diňe seniň üçin araňyzdaky gatnaşyklaryň şahsy men-menligiňden gymmatlydygyny aňladýar.


Adamlar iki topara bölünýärler. Birinjileri otaga girip: “Oh-how, men kimleri görýän!” diýip, begenýärler. Ikinjiler: “Ine-de men!” diýip, habar berýärler.


Durmuşda iň kyn zat – haýsy köprüden-ä geçmelidigini, haýsynam otlamaldygyny kesgitlemek.


Häzirki döwürde şerapsyz şatlanmagy, neşesiz arzuw etmegi hem-de internetsiz söhbet etmegi öwreniň!

28
52
orhideya_
16.11.2023 22:28

Men gidýärin diýemde, "gitme" diýeni däl, "menem gitjek ýalňyz gitmersiň" diýip biljek biri gerek...


Hökmanmy dodaklarym bilen "gal"diýmegim, gözlerim "gitme"diýip aglaýarkaa...


Her kimem başyny alyp çola ýerlere gidesi gelýändi, ýöne aklyndakylary sygdyrar ýaly goşhalta tapmazlar.


Hiç tanamadyk adamymy küýseýän...


Syr ýaly söýseň eger myradyňa ýetersiň, tohum hem toprak astynda gizlense gögerýändir.


Görmersiň käte yöne söýersiň.


Ahhh aýralyk, bir seniň bilen aýrylmadyk..


Sen uzakdan janym diýseň meniň ýüregim gapyrgalaryma sygmaz bärde...


Söýmedigi söýdürüp bilmersiň,ynan diýip ynandyryp hem bilmersiň...diňe ýekeje jogap öziň bilersiň...


Ugrunda pida bermedik söýgüňi ýüregiňde göterip özüňe ýük etme...


Göwün almany bilmeýäne ömür amanat edilmez unutma.

30
62
orhideya_
15.11.2023 13:18

Kime gödek boldum, kime enaýy,

Kimden gaçdym, kime dözdüm gün aýy.

Kimlere söýgüden doly badadym

Kime ulumsydym kime sadadym

Kime barym bilen ýogumam des deñ

Ýüregimi açmakdan halys ýadadym.

34
162
orhideya_
14.11.2023 23:18

Ol adamlaryň gaýmaga işdäli topulyşlaryny görenden soň, «Dostuny gaýmak, özüni süýt» hasaplap başlady.

* * *

Şiriň galyndysyndan doýan şagalyň, gurduň üstüne arlap duranyny gördüm.

* * *

Ylymda diňe öz-özüňi aldap bolýar.

* * *

Ýüz dürli owazly bilbiliň ýanynda diňe gagyldap bilýän gargany öwdüler «bir sözli» diýip.

* * *

Aýynyň semizligine gülen şagal ogurlyk et bilen semräp bolmaýandygyna düşünýän däldir-dä.

28
48
orhideya_
03.10.2023 21:47

Ýa söýýän işiňizi ediň ýa-da edýän işiňizi söýüň! Bir ynsan üçin iň gowy zatlaryň biridi edýän zadyndan lezzet almak. Eger sizden köçeleri süpürmegi isleseler, Michelangelo-nyň surat çekişi, Beethoven-iñ saz çalyşy ýa-da Shakespeare-yň goşgy ýazyşy ýaly süpüriň. Şolar ýaly owadan süpüriň, gökdäki we ýerkdäki hemmeler durup " Bärde işini gaty gowy ýerine ýetirýän süpüriji ýaşar eken " diýsinler.

Martin Luther King Jr

35
146
orhideya_
24.09.2023 21:27

Çaý demlejek bolup çäýnek döwdüm, güldüň. Elimiň bişenini görüp: «Özüm demläýmeli ekenim» diýip gyýyldyň.


* * *


Hezilden-çyndan çal sepen saçymy görkezip, «Sen agartdyň» diýerdim. Bu gün seniň saçyňda ak görüp aljyradym.


* * *


Sen gabanmaňy goýduň welin, özümden göwnüm geçip başlady.


* * *


Kiçijik külbämizde beýik buýsanç ýaşaýar, sebäbi mundan sen girip çykýaň.


Çary Ataýew

17
81
orhideya_
27.08.2023 22:34

Ýalñyz gijelere bozup garaýşym,

Ykrar etmän güýzüñ agraslygyny,

Señ maña gelmäñde näme sebäp bar,

Ýa bu durmuşymyñ sahawatymy!


Ýa-da çözgüdimi ýowuz ýyllaryñ,

Maña garşy guran ýekeligine.

Ýa ynanaýynmy sessiz-sedasyz,

Arzyly bagtymyñ gelendigine.


Kämil bolup, aklym goýalan bäri,

Nam-nyşan galmady duýguçyl durkdan.

Herne daşrak bolsun aýgytdaky söz,

Hyjuwym egisip göwni ýykmakdan.


Gaýta baş at, garaýşymy özgertme,

Umytly ýollardan dönmäýin ýalñyz.

Ýakymly çagyryş duýmadyk bolsam,

Saña getirmezdi bu ýollar, aý, gyz.


Senem mylakatly bolmazdyñ beýle,

Güýzüñ agras taby ýeti:rdi zelel.

Onda maña bolan çyn garaýşyñy,

Öz gursagyñdanam gözläp gör, gözel!

29
70
orhideya_
23.08.2023 21:52
KAKA, Älemdir, kaka ojakdyr. Göwni gök asman ýalydyr. Käwagt gürlär (gaharlanar), käwagt ýalpyldar (söýer), käwagt gaşlary çytyk bolsa-da ýüregi seniň üçin uran ýürekdir. Kaka gapydyr, kynçylyk çekeniňizde baryp biljek bosagaňyzdyr. Şatlygyňyzy paýlaşmak isläniňizde ilkinjileriň biridir. Gözýaşyňy egnine akdyryp, rahatlyk bilen dyzlaryna kelläňizi goýup boljak ýerdir.

KAKA kömekdir, ilkinji söýgüdir.





Kakalar beýikdir, olar has beýik,

Ýürekleri dagdan ýasalan ýaly.

Ýüzi agyr, emma dünýä dek mähri,

Bir göwrä sygdyrlyp gysylan ýaly.


Beýikdir kakalar, bildirmez derdin,

Egninde umman deý ýüki bolsa-da.

Perzendine diýmez \"egnimden galdyr\"

Ol näçe diýmäge haky bolsa-da.
34
134
orhideya_
09.08.2023 20:12

Salam öwrenmeli portalynyň hormatly agzalary! Hemmäňizden bir sorag soramakçy bilýäniňiz bar bolsa maňa kömek edäýiň.

Çaganyň ene-atanyň öňündäki borçlary we ene-atanyň çaganyň öňündäki borçlary barada doly we dogry maglumatlary nirden tapyp bilerkäm? Eger araňyzda bilýäniňiz bar bolsa teswirde kyn görmän belläp geçäýiň!

30
191