orhideya_
14.11.2023 23:18

Ol adamlaryň gaýmaga işdäli topulyşlaryny görenden soň, «Dostuny gaýmak, özüni süýt» hasaplap başlady.

* * *

Şiriň galyndysyndan doýan şagalyň, gurduň üstüne arlap duranyny gördüm.

* * *

Ylymda diňe öz-özüňi aldap bolýar.

* * *

Ýüz dürli owazly bilbiliň ýanynda diňe gagyldap bilýän gargany öwdüler «bir sözli» diýip.

* * *

Aýynyň semizligine gülen şagal ogurlyk et bilen semräp bolmaýandygyna düşünýän däldir-dä.

28
48
okayjy
15 Noýabr 2023
# Sesiñ, sesimize meñzänok diýip. Gargalar bilbili hordan kowdylar... 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.