Öz ýüregiň nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin, arzuwa çümeniňde aňyň nirelerde gezýändigine üns ber!
Edil bütin şäheri diňe swetoforyň ýaşyl yşygynda kesip geçip bolmaýşy ýaly, bütin ömrüňe-de kimdir biri bilen sögüşmän, dawalaşman ýaşap bolmaýar.
Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.
Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!
Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.
Genri Wan Deýk şeýle diýipdir: “Özüňizde bar bolan zehini ulanyň. Çünki, diňe beýlekilerden gowy saýrap bilýän guşlar tokaýda saýrasady, onda tokaýda juda tukat ümsümlik höküm sürerdi”.
Durmuşda ýaşamaga many, söýmäge, ynanmaga we aladasyny etmäge kimdir biri barka, hemme zada-da döz gelip bolar!
Kalplaryň ymtylyşy dostluga öwrülýär. Paýhaslaryň ymtylyşy hormata öwrülýär. Tenleriň ymtylyşy hyjuwa öwrülýär. Diňe şularyň hemmesiniň ymtylyşy söýgä öwrülýär.