Ýalñyz gijelere bozup garaýşym,
Ykrar etmän güýzüñ agraslygyny,
Señ maña gelmäñde näme sebäp bar,
Ýa bu durmuşymyñ sahawatymy!
Ýa-da çözgüdimi ýowuz ýyllaryñ,
Maña garşy guran ýekeligine.
Ýa ynanaýynmy sessiz-sedasyz,
Arzyly bagtymyñ gelendigine.
Kämil bolup, aklym goýalan bäri,
Nam-nyşan galmady duýguçyl durkdan.
Herne daşrak bolsun aýgytdaky söz,
Hyjuwym egisip göwni ýykmakdan.
Gaýta baş at, garaýşymy özgertme,
Umytly ýollardan dönmäýin ýalñyz.
Ýakymly çagyryş duýmadyk bolsam,
Saña getirmezdi bu ýollar, aý, gyz.
Senem mylakatly bolmazdyñ beýle,
Güýzüñ agras taby ýeti:rdi zelel.
Onda maña bolan çyn garaýşyñy,
Öz gursagyñdanam gözläp gör, gözel!