orhideya_
24.09.2023 21:27

Çaý demlejek bolup çäýnek döwdüm, güldüň. Elimiň bişenini görüp: «Özüm demläýmeli ekenim» diýip gyýyldyň.


* * *


Hezilden-çyndan çal sepen saçymy görkezip, «Sen agartdyň» diýerdim. Bu gün seniň saçyňda ak görüp aljyradym.


* * *


Sen gabanmaňy goýduň welin, özümden göwnüm geçip başlady.


* * *


Kiçijik külbämizde beýik buýsanç ýaşaýar, sebäbi mundan sen girip çykýaň.


Çary Ataýew

17
81
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.