Bagt – bu posa ýalydyr. Ondan lezzet almak üçin ony kimdir biri bilen paýlaşmaly.
Özleriniň däl-de siziň halyňyzyň harap wagtynda ýanyňyza gelýänleriň gadryny biliň!
Gözüňizi açmaga çalyşýanlaryň agzyny ýumdurmaň!
Özlerine kömek etmeýän adamlara ýardam berjek bolmagyň hiç hili manysy ýokdur. Eger-de adamyň özi basgançakdan ýokaryk galmak islemese, ony ýokaryk galmaga mejbur etmek mümkin däldir.
Her kes ýalňyşýar. Ýalňyşyny mynasyplar boýun alýar. Edermenler ötünç soraýar. Gaýratly gatnaşmagyny dowam edýär.
Nämedir bir zady üýtgetmek isleýän bolsaň, batyrgaý bol! Eger-de nämedir bir zady üýtgedip bolmajak bolsa sabyrly bol! Haçan batyrlygyň, haçan bolsa sabyrlylygyň gerekdigini bilmek üçinem dana bol!
Eger-de kimdir biri saňa çukur gazýan bolsa – päsgel berme! Gazyp bolanyndan soň, onuň çukuryny özüňe serhowuz edinersiň. Eger-de seniň süňkleriňi ýuwýan (gybatyňy edýän) bolsalar – minnetdar bol! Soň süňkleriňde artroz emele gelmez. Eger-de seniň ýeňsäňden tüýkürýän bolsalar – buýsan! Diýmek sen öňde barýansyň. Eger-de nähak göwnüňe degseler – öýkeleme, ar aljak bolma! Seret, seniň deregiňe durmuş nädip ar alýar!
Kimdir birinden ötünç soramak seniňkiň-ä nädogrudygyny, onuňkyňam dogrudygyny aňlatmaýar. Bu diňe seniň üçin araňyzdaky gatnaşyklaryň şahsy men-menligiňden gymmatlydygyny aňladýar.
Adamlar iki topara bölünýärler. Birinjileri otaga girip: “Oh-how, men kimleri görýän!” diýip, begenýärler. Ikinjiler: “Ine-de men!” diýip, habar berýärler.
Durmuşda iň kyn zat – haýsy köprüden-ä geçmelidigini, haýsynam otlamaldygyny kesgitlemek.
Häzirki döwürde şerapsyz şatlanmagy, neşesiz arzuw etmegi hem-de internetsiz söhbet etmegi öwreniň!