okyyjy
09.05.2024 06:08
"...Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly."
Gurbannazar Ezizow
Beýik halkym! Beýik Ýeňşiň
Toýy bilen gutlaýaryn!
Ýowuz ýyllaryn geçmişiň,
Beýan etmek isleýärin.
Oglan wagtym, on ýaşlyja,
Göz görüp, gulak eşdenim,
Ulalyp, aň goýaldykça,
Ýürege urýar neşterin.
***
Obamyzyň ýaşulysy,
Bir weteran goja bardy.
Elinde demir hasasy,
Aýagynda ýara bardy
Syrdam-uzyn göwresini,
Biraz egip ýöreýärdi.
Ony görsem, aýtmasy kyn,
Täsin duýgy döreýärdi.
Mährem-ýumşak ýylgyrşynyň,
Aňrysynda ünji bardy.
Uruş döwründen berse gürrüň,
Gözlerinde hünji bordy.
- "On bäş Saýuz Respublikaň,
Her ýerinden adamlar bar.
Beýle ýagdaýda milletler,
Bir eneden dogan deý bor.
Gülleleriň arasynda...
Gazaply jeň arasynda...
Biri-birine golun geren
Mert-merdana ýigitler bar.
Öz ýaryny, käbesini,
Yzda goýup gelenler bar.
Ýaşa ezip didesini,
"Salam haty" ýazanlar bar.
Maýyp bolup galanam bar...
Şehit bolup ölenem bar...
Hak Tagalla ýardam edip,
Sag-salamat gelenem bar.
Italýany görenler bar...
Germanýaga baranlar bar...
Şol ýerlerde jaýlanylyp,
Ebedilik galanlar bar...".
- Gürrüňiniň arsyny,
Uly dem alyp bölerdi.
Hiç sylmazdan gözýaşyny,
Ýene-de gürrüň bererdi -
"...Bir gün, faşist goşun bilen,
Amansyz jeň gidip durdy.
Ýanymda rus, gruzin
Bir-em, tatar ýigit bardy.
Birdenem, gapdalymyzda
Uly bir gürpüldi boldy...
Gözüm açdym... Gospitalda...
Sag egnimde sargy bardy.
Soňra bildim, ýanymyzda
Topuň oky ýarylypdyr.
Ýanymdaky soldatlar-da,
Üçüsem... Şehit bolupdyr...
Aýgymdaky ýaranam,
Şol top oky goýan eken.
Tendäki ýara owarram,
Ýürekde yz goýan eken...".
- Wakalar göz öňne gelip,
Jigeriňi gyýyp durka.
Sözler kalba agram berip,
Ýürek agza gelip durka.
Gözi bilen gören adam
Saňa gürrüň berip durka.
Diňlemäni oňjak, nädip?!
Aglamany durjak, nädip?! -
"...Birimize bir hat gelse,
Wzwot bolup begenýärdik.
"Sen-ä ýatlaýan bar-ow" - diýp,
Hat gelene deginýärdik.
Yzymyzda galanlary
Hemişe-de ýatlaýardyk.
Umyt bilen...
Ynam bilen...
Ýeňşe tarap batlanýardyk.
Näçe agyr,
Kynam bolsa,
Köp şükür, ýeňişe ýetdik.
...Bu gün bolsa bu Garaşsyz -
- Bitarap Watana ýetdik.
Indi beri, beýle bela
Gelmäwersin bu jahana.
Ol uruş - soňky uruş - diýip,
Ýazylsyn taryh gatyna.
Şol döwrüňde - şu döwrüňde
Parhyny bilsin çagalar.
Bu parahat ýaşaýyşda,
Ýaşasyn-össün balalar.
Şol - atsyz gahrymanlary
Unutmasyn nesillermiz...
Şol - atsyz gahrymanlary
Unutmaň hiç! Nesiller - siz!..
Garaşsyz, Bitarap ýurtda
Döretjekler-gurjaklar - siz!..
Asuda, parahat ýurduň
Hözürini görjekler - siz!..
Weteranlar - urşy gördi,
Weteranlary görenler - siz!
Geçmiş bilen geljek üçin,
Köpri bolup duranlar - siz!
Unutman hem unutdyrman,
Nesillere öwrediň - siz!
Kalplarynda sylag, söýgi,
Hormat-sarpa dörediň - siz!".
-Diýerdi-de ,bize tarap
Buýsnçly nazar aýlardy.
Adamlaram ol gaýdansoň
Öýli öýüne dargardy.
***
Ulalyp aň goýaldykça,
Ýürege urýar neşterin.
On ýaşlyja oglan wagtym
Göz görüp, gulak eşdenim.
Bu gün size beýan etdim
Şol gojaň ýowuz geçmişin.
Beýik halkym! Gutlaýaryn!
Toýy bilen Beýik Ýeňişiň!
#awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
28
87
okyyjy
08.05.2024 07:17
Erkege aglamak gelişmese-de,
Möňňürip-möňňürip aglasam gelýär.
Çep gursakda urýan bir bölek eti,
Rahatlyk tapýança, tä köşeşýänçä,
Hüwdüläsim gelýär...
Üwräsim gelýär...
Alla diýip hak ýoluna ýykylan
Eli haýyr işde, dili dogada,
Bir musulman bende bolasym gelýär...
Allaha parzymy,
Resul sünnetin,
Berjaý edenlerden bolasym gelýär...
Beýik türkmenleriň üýtgewsiz keşbi
Ýaly, halal-dindar bolasym gelýär...
Säherler turamda, neresse çagaň
Kalby ýaly tämiz bolasym gelýär...
Ýa Biribar!
Kabul eýle tobamy!
Toba edip günälem ýuwasym gelýär...
Jogap üçin Huzuryňa eltilsem
Gapdalym Imanly barasym gelýär...
#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
32
105
okyyjy
07.05.2024 00:05
Juwanlygmyň ýürek beren söýgüsi,
Ýüregi ot edip ýakdy, neýläýin?!
Çyn söýginiň ezýet bilen görgisi,
Gözüme çöpüni atdy, neýälin?!
Söýüşdik ajaýyp baharyň güni,
Ýadyma salardy açylan güli.
Misli säherleriň öwüsýän ýeli,
Düýpsiz bir uçutdan atdy, neýläýin?!
Sawçy ugratdym, ata-enesi bermedi,
Gaçaly diýsem-em ryza bolmady.
Şeýdip, söýen gülüm maňa gelmedi,
Ter açylan gülüm soldy, neýläýin?!
Kamaty - misli bir dagyň jereni,
Haýrana goýardy her bir göreni.
O-da söýdi, aglap galdy ýüregi,
Enesi baýlyga satdy, neýläýin?!
Daýzasynyň ogly söýüp ýörmişin,
Özlerem barlyja, gurply ýermişin.
Çyn ekeni, söýgiň gözi - körmüşin,
Meni düýpsiz guýa atdy, neýläýin?!
Ýok diýp bilmän, enesiniň ýüzüne,
Razy boldy daýzasynyň sözüne.
"Söýýän" - diýip, ýaşlar aýlap gözüne,
Hoşlaşyk sözüni aýtdy, neýläýin?!
Ýetdi çyn söýginiň aýralyk tagty,
Ykbal bize berdi şeýlekin bagty.
Ýoldaşy Hak bolsun, ýoly-da ýagty.
Bu şygrym ýürekden çykdy, neýläýin?!
#:Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
27
97
okyyjy
05.05.2024 18:42
Ýagty dünýä gelip, özüň bilensoň,
Ata-enäni başa täç edip ýaşa!
Agyrtman-ynjytman, ýaman söz aýtman,
Doganňy özüňe dost edip ýaşa!
Her-haçan, her işde adalatly bol!
Mümkin boldugyça sahawatly bol!
Namartlardan elmydama parhly bol,
Mertligi ömrüňe nagyş edip ýaşa!
Ak bilen garanyň parhyny bilip,
Ýagşynyň-ýamanyň nyrhyny bilip,
Halal ýaşaýyşyň gadryny bilip,
Hormaty özüňe siňdirip ýaşa!
Ömür geçse il-gün bilen gatnaşyp,
Günler-aýa, aýlar-ýyla sepleşip,
Ýaşyň gitse elli-altmyşa utgaşyp,
Ogul-gyz başyna täç bolup ýaşa!
#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
27
47
okyyjy
04.05.2024 11:44
Unutmak aňsatmy, söýmek aňsatmy?!
Unutmak has kynmy, söýmek has kynmy?!
Sensiz geçjrmeli günlerde maňa,
Ömür ýakynmy ýa ölüm ýakynmy?!
Çykyp bilmän soraglaryň içinden,
Jogabyn agtaryp, oýlanyp ýörün.
Ajap geljek golun salgap dur maňa,
Men geçmişim bilen baglanyp ýörün
Ýadymdan çykarman, aýlanyp ýörün,
Nije ýyl ozalky wakalar bilen.
Köplenç dymyp, käte öwünip ýörün,
\"Söýenim ýanymda barka...\" - lar bilen.
Şol süýji günleri... senli günleri...
Ýüregimde suw dek gaýnadyp ýörün.
Sen hakda ýatlama özüm aldyryp,
Ýene-de, özümi oýnadyp ýörün.
#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
34
71
okyyjy
27.04.2024 21:50
Alçak bahar Garaguma
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym,
Erkek adam ýaly bolup.
Dogduň-dogduň. Ile äşgär,
Biri synlar, biri buşlar.
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.
Kim özüne diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza- nana,
Erkek adam ýaly bolup.
Yssyladym, gaýlap çykdym,
Ýaşlykdyr-da -- aýnap çykdym.
Orta welin gaýnap çykdym,
Erkek adam ýaly bolup.
Baýdak däl her galgan mata.
Ýüzüm tutdum herne ýagta.
Boýun aldym etseň hata,
Erkek adam ýaly bolup.
Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym.
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.
Her telpeklä diýmersiň är.
Munuňam öz kanuny bar.
Kim gepleýär, kim ýaşaýar --
Erkek adam ýaly bolup.
Berdinazar Hudaýnazarow
25
35