okyyjy
06.05.2024 06:32
Salam dostlar! Kiçiräk bir sorag posty taýýarladym. Gyzyklanýan bolsaňyz geliň!

1. Iki dost bar we hersinde bir süri mal bar. Birinji dost aýtýar:
- Eger-de sen maňa süriňden bir mal berseň meň malym seň malyňdan 2 esse köp bolar.
Ikinji dost aýtýar:
- Eger-de sen maňa süruňden bir mal berseň ikimiziň mal sanymyz deň bolar.
Sorag: her süride näçe mal bar.

2. 9 sany alma bar. 8-i bişen 1-i bişmedik. Bişen almalaryň agramy deň, bişmedik alma olardan ýeňil. Tereziden 2 gezek peýdalanyp bişmedik almany tapmaly.
Islendik görnüşli terezi ulanyp bilner, ýöne diňe 1 görnüş ulanylmaly.

3. Gapda 8 litr suw bar. 3 litrlik we 5 litrlik gaplardan peýdalanyp suwy deň ikä bölmeli. Ýagny, 8 litr gapda 4 litr suw, 5 litr gapda 4litr suw galmaly.

4.Bir oglandan näçe ýaşyndadygyny sorýarlar. Oglan şeýle jogap berýär:
- Ýene-de 13 ýyldan, mundan 2 ýyl ozalky ýaşymyň 4 essesini ýaşaryn.
Oglan näçe ýaşynda?


Hemmäňize üstünlik!
30
203
PILOT👮‍♂️✈🛩
7 May 2024
👍
c_009
7 May 2024
4)7
c_009
7 May 2024
1)7 we 5
suray94
7 May 2024
@okyyjy, sag bol
okyyjy
6 May 2024
@Akram_Beshimov, Hawa dos bilesigelijidede ýaz baýragňy al. @Elýa bardyr bilýä olam jogaplary oňa berdim. Hemmesine doly ýaz ýöne
ATOMIC
6 May 2024
2. bişmedik almany saýgaryp bolara terezisizem
Akram_Beshimov
6 May 2024
@okyyjy, ilki 3 üçden ölçäp görỳäñ, haysy ýeñil bolsa şol 3 almany gyra alyp soñ 1-1 den ölçemeli eger iki almanyñ agramy den bolsa galan 3 nji alma bişmedik
suray94
6 May 2024
yene gyzykly soraglar goyun
suray94
6 May 2024
ok
okyyjy
6 May 2024
@suray94, Nesip bolsa ertir sagat 8:00 a çenli dogry jogap gelmese özm paýlaşaýaryn. Sizem ýene de gelip görüp bilersiňiz, dogry jogaby
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.