okyyjy
07.05.2024 00:05
Juwanlygmyň ýürek beren söýgüsi,
Ýüregi ot edip ýakdy, neýläýin?!
Çyn söýginiň ezýet bilen görgisi,
Gözüme çöpüni atdy, neýälin?!

Söýüşdik ajaýyp baharyň güni,
Ýadyma salardy açylan güli.
Misli säherleriň öwüsýän ýeli,
Düýpsiz bir uçutdan atdy, neýläýin?!

Sawçy ugratdym, ata-enesi bermedi,
Gaçaly diýsem-em ryza bolmady.
Şeýdip, söýen gülüm maňa gelmedi,
Ter açylan gülüm soldy, neýläýin?!

Kamaty - misli bir dagyň jereni,
Haýrana goýardy her bir göreni.
O-da söýdi, aglap galdy ýüregi,
Enesi baýlyga satdy, neýläýin?!

Daýzasynyň ogly söýüp ýörmişin,
Özlerem barlyja, gurply ýermişin.
Çyn ekeni, söýgiň gözi - körmüşin,
Meni düýpsiz guýa atdy, neýläýin?!

Ýok diýp bilmän, enesiniň ýüzüne,
Razy boldy daýzasynyň sözüne.
"Söýýän" - diýip, ýaşlar aýlap gözüne,
Hoşlaşyk sözüni aýtdy, neýläýin?!

Ýetdi çyn söýginiň aýralyk tagty,
Ykbal bize berdi şeýlekin bagty.
Ýoldaşy Hak bolsun, ýoly-da ýagty.
Bu şygrym ýürekden çykdy, neýläýin?!

#:Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
27
93
manolya
11 May 2024
@okyyjy, bolmandyr ola ....bir zat ýadyma düşüp gitdi ...şahsyrak ))
manolya
11 May 2024
Hmmm...bäh
jen9
7 May 2024
@okyyjy, 👍👍👍🤭
jen9
7 May 2024
@okyyjy, tanamadyn oytyan
jen9
7 May 2024
@okyyjy, @okyyjy, okadyma anyrdada Ada men
jen9
7 May 2024
👍👍👍🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.