okyyjy
08.05.2024 07:17
Erkege aglamak gelişmese-de,
Möňňürip-möňňürip aglasam gelýär.
Çep gursakda urýan bir bölek eti,
Rahatlyk tapýança, tä köşeşýänçä,
Hüwdüläsim gelýär...
Üwräsim gelýär...

Alla diýip hak ýoluna ýykylan
Eli haýyr işde, dili dogada,
Bir musulman bende bolasym gelýär...
Allaha parzymy,
Resul sünnetin,
Berjaý edenlerden bolasym gelýär...

Beýik türkmenleriň üýtgewsiz keşbi
Ýaly, halal-dindar bolasym gelýär...
Säherler turamda, neresse çagaň
Kalby ýaly tämiz bolasym gelýär...

Ýa Biribar!
Kabul eýle tobamy!
Toba edip günälem ýuwasym gelýär...
Jogap üçin Huzuryňa eltilsem
Gapdalym Imanly barasym gelýär...


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
32
100
okan
13 May 2024
👍👍👍
manolya
11 May 2024
👍
awgust
8 May 2024
@Akram_Beshimov, Şo başgalarda ýok zat etjek bolmaly-da...
awgust
8 May 2024
Adam pahyr bolduguça ýene isleýär-dä, ondan soñam prýamoý efir bolaysa diyer))
awgust
8 May 2024
@Akram_Beshimov, @okyyjy, Salam gowumysynyz! Sizin pikirinizçe postda sesli teswirler galdyryp bolsa nahili bolar?🤔
Akram_Beshimov
8 May 2024
Gowy gošgy
awgust
8 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.