okyyjy
04.05.2024 11:44
Unutmak aňsatmy, söýmek aňsatmy?!
Unutmak has kynmy, söýmek has kynmy?!
Sensiz geçjrmeli günlerde maňa,
Ömür ýakynmy ýa ölüm ýakynmy?!

Çykyp bilmän soraglaryň içinden,
Jogabyn agtaryp, oýlanyp ýörün.
Ajap geljek golun salgap dur maňa,
Men geçmişim bilen baglanyp ýörün

Ýadymdan çykarman, aýlanyp ýörün,
Nije ýyl ozalky wakalar bilen.
Köplenç dymyp, käte öwünip ýörün,
\"Söýenim ýanymda barka...\" - lar bilen.

Şol süýji günleri... senli günleri...
Ýüregimde suw dek gaýnadyp ýörün.
Sen hakda ýatlama özüm aldyryp,
Ýene-de, özümi oýnadyp ýörün.

#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
34
67
gula
26 Iýun 2024
Söýmek aňsat,ynanmak kyn,ýatlamak aňsat unutmak kyn # şahsy pikirim
manolya
11 May 2024
@okyyjy, hökman
okyyjy
11 May 2024
@manolya, teswirlere gelersiňiz diýip umyt edýän hemişe
okyyjy
11 May 2024
@manolya, sagboluň köp köp
manolya
11 May 2024
@okyyjy, ýok...birhili ýaly ilkinji okanyňda ...pikirlenip otursaň many bar eken ..
okyyjy
11 May 2024
@manolya, şony üýtgetmeli edip goýdum özümem
manolya
11 May 2024
Birinji bendi kelle bulaşdyrýar eken....söýmek aňsat , unutmak kyn....gysgaça ikisinede jogap ))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.