okyyjy
08.06.2024 12:56
Ýolda dört sany oglanyň köçede bir akly kemterräk adama tans oýnadyp ýörenini gördüm, özlerem hezil edip gülýärdiler. Näme edýänlerini soramda " Pul berip dälini oýnaýas" diýdiler. Oglanlary ugratdym. Ýaňky adam aýtdy "Ýaňkylary oýnap pulyny aldym". Kim kimi oýnapdyr şu ýerde?
22
130
okyyjy
07.06.2024 20:48
Bir nesibe bolsa Namaza dursam,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.
Parzy we sünnti dürs berjaý kylsam,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.

Göwnüm dolsa nury bilen imanyň,
Hakyň täkligine ýokdur gümanym.
Kyrk parzyny berjaý etsem Yslamyň,
Resul sünnetine, Alla yşgyna.

Suw akdyrsam Hak dostunyň eline,
Ideg etsem bakjasyna, öýüne.
Göz dikmesem Şeýtan pälli geline,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.

Haramlyk iş hiç geçmese serimden,
Kitap Kuran hiç düşmese golumdan,
Tälim alsam Hak dostunyň elinden,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.

Düşmän gezsem bu dünýäniň küýüne,
Sabrym bolsa, öz garypja günüme,
Ýüz müň şükür etsem atan daňyma,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.

Gelip janym alar Hakyň Emini.
Goýman gitsem takwalygyň kemini,
Şahadat getirsem soňky demimi,
Resul hormatyna, Alla yşgyna.

Meni eltip dar çukura salsalar,
Müňkür, Nekir gelip sorag alsalar,
Jenneti aglada eltip goýsalar,
Resul hormatyna, Alla yşgana.

#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
26
56
okyyjy
04.06.2024 12:04
Gybat edip otyr çar ýany bilen,
Işsizlik-dä, her hiliräk kär edýär.
"Pylan-yň gelini, pylany — bilen,
"Pylan" ýerde, "pylan-pylan" kär edýär".

Alladan gorky ýok. Ýatda Jelil ýok.
Bilip-bilmesizden töhmet atýarlar.
Asla beýle zat ýok, hiç bir delil ýok
Tutuş güni gybat edip ötýärler.

Ol gelin — namysly, ahlakly gelin,
Ahlaksyzlar — atyp otyr töhmedi.
Ol gelin — bir sözli, ygrarly gelin,
Ygrarsyzlar — edip otyr gybaty.

Agzybir, döwletli maşgalasy bar,
Garypja ojagyň şa zenany — ol.
Garaja gününe hamd senasy bar,
Söýgüli ýarynyň wepadary — ol.

Ediber nähili gowryň bolsa-da
Atyber her hili şyltagňy — Döwür
Hernäçe ýalňyz hem gysga bolsa-da
Kimiň kimdigini tanatýar — Ömür


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
17
55
okyyjy
26.05.2024 17:46
Ýanwar aýynda tanyşdyk,
Gyşyň sowuk aňzagynda.
Aýazbabaň agtyjagy,
Garpamyjak ýalydyň sen.

Ertekilerdäki ýaly,
Üýtgeşik bir dünýäň bardy.
Piter Peniň gahrymany,
Edil, Bendi ýalydyň sen.

Seni söýmezlik mümkin däl,
Düşünmegem mümkin däldi.
Transformas primeniň
Bumbylbisi ýalydyň sen.

Zähmet çekerdiň janypkeş,
Başyň çykardy her işden.
Öz öýüniň hyzmatkäri,
Zoluşkanyň taýydyň sen.

Goýup alysa gitseňde,
Ýürekde baky ýer etdiň.
Taşlap ýat ýurtlara giden,
Ol, Malwina ýalysyň sen.

#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
22
137
okyyjy
17.05.2024 11:09
Görsene, nähili ajaýyp görnüş,
Günüň buşlukçysy Güneş dogulýar.
Guşlaram säherde namalar joşup,
Hat-da, säherdenem öňräk oýanýar.

Ajaýyp bir görnüş, başlary sypap
Asuda öwsüp ýör - baharyň ýeli.
Nähili ajaýyp, bu gözel ülkä,
Gözellik goşup dur - sähranyň güli .

Nähili ajaýyp, tomsuň jöwzasy -
Bişirip ýör bag-bakjalaň miwesin.
Ynsan şol miweden iýip, ýene-de,
Nädip tebigata - sag bol - diýmesin.

Ajaýyp bir görnüş, sary ýapraklar,
Şahasyndan tänip gaçyp dur ýere.
Gyşda energiýa berip - baglara -
Ýazda ýaprak bolup dolanýar ýene.

Gyşyň aňzagyna garyşyp, ynha,
Asmanyň päkligi zemine inýär.
Nähili ajaýyp görnüş, görsene,
Günüň buşlukçysy Güneş dogulýar.



#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
20
51
okyyjy
16.05.2024 01:30
Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Yene ýazjak. Öňkilerim az ýäly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak
Söyüp ýörün... bar pasyllar ýaz ýaly.

Yöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.

Bir görsen-ä içgin äbede-jüje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Yüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.

Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
.. ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýäly...


1961
33
84
okyyjy
15.05.2024 13:15
Gözelligiň waspyndan ejiz geldi sözlerim,
Göni garaýyn diýsem, gyýa bakdy gözlerim,
Salam bermek isledim sakawlady dillerim,
Özüň duýup halymy, gel ýanyma, dilberim!

Gyldan inçe billeriň tutaý diýsem el barmaz.
Ýüpek ýaly saçlaryň ysgasam kalbym ganmaz.
Sözüm kabul et, läläm, senden hiç göwnüm galmaz.
Özüň bilip halymy, gel ýanyma, dilberim!

Gözleriň jellatmydy, kast eýleýär janyma.
Kirpikleriň ýaý oky, sünjülip dur bagryma.
Sözleriňde bol many, ezip guýduň aňyma.
Rehim eýläp halyma, gel ýanyma, dilberim!

Senden başga gyz ýokdyr bu göwnüme jaý boljak.
Aýsyz garaňky gije asmanymda aý boljak.
Özge gyzlar gerek däl tutuş ömre taý boljak.
Ömrüme bezeg bolyp, gel ýanyma, dilberim!

Şygyr ýazdym şanyňa, meýliň ýokmy görmäne,
Ak gar ýaly elleriň gelip elme goýmana?!
Bal garylan diliňden bir hoş habar bermäne,
Rehim edip halyma, gel ýanyma, dilberim!

Bir ýanymyz Köpetdag, bir ýanymyz Hazarym,
Garagumyň çölünden saňa düşdi nazarym.
Ryza bolsaň sen bilen bagt köşgüne bararyn.
Aşygyň men. Magşuk bol! Gel ýanyma, dilberim!


#Awtor Amangeldiýew Durdymyrat
20
70
okyyjy
13.05.2024 01:01
Jennet uzakda däl ýöne ýetmek aňsat däl
28
70
okyyjy
12.05.2024 14:00
Eneler jomartdyr, giňdir eneler,

Olar kyn pursatyň kömege geler.

Ömürboýy oňa beren jebriňi

Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.


Bagyşlar-da, baky ýumar gözüni.

Agaç ata müner, zemine gider.

Diňe özi gitmez, beren jebriňi,

Sütemiňi ýany bilen äkider.


Sen onsoň aglarsyň. Tutarsyň içiň,

Emma seň gözleriň şol bagta zardyr..

Ene soňky demde günäňi öter,

Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr



Gurbannazar Ezizow
29
66
okyyjy
10.05.2024 18:19
Ine saňa çalmak üçin bir sebäp,
Näzijek elleriňe al gitarany.
Sözlermiň içinde duýgyny gizläp,
Aýdym aýtjak, senem çal gitarany.

Gitme, "Çalman" - diýip arany açyp,
Geldim seniň üçin menziller geçip.
Şu gün, seň gaşyňda ýüregmi açyp,
Saýrajak, tonyma sal gitarany.

Gunçalar gül açýar bahar çagynda,
Bilbil perýat etýär gülüň bagynda.
Söýgim huzuryňda, yşgyň janymda,
Göwnümde saz eýläp çal gitarany.

Ýaşlygymyz ömrüň ajap peşgeşi,
Gözleriň kalbyma saldy teşwüşi.
Bu ajap baharma getirmän gyşy,
Göwnümi ýaz eýläp çal gitarany.

Garşymda otyryp gyýa seredip,
Näziň bilen ýüregimi eredip,
Kalbymdaky baky söýgä saz edip,
Iň inçe notadan çal gitarany.

Edebiňe gurban, erkiňe gurban,
Illerde ýok, gözel görküňe gurban,
Gysganmasaň birje sözüňe gurban,
Söýgüme nagş edip sal gitarany.

Gabanyp-gysganyp gezmezim ýaly,
Yşgyň bilen her gün ölmezim ýaly,
Özümi ajala dözmezim ýaly,
Ýaşaýyş bagş edip çal gitarany.

Aşyk ýarym meň halymy duýmaýar,
Jigerimde hijran ody köreýär.
Maňa beýle zalym çemeleşme, ýar,
Söýgim kabul eýläp çal gitarany.

Aýdanym maňzyňa batmadyk bolsa,
Ataşym kalbyňy ýakmadyk bolsa,
Eger sözüm saňa ýokmadyk bolsa,
Aýlap bu başymdan sal gitarany.


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
28
77