okyyjy
10.05.2024 18:19
Ine saňa çalmak üçin bir sebäp,
Näzijek elleriňe al gitarany.
Sözlermiň içinde duýgyny gizläp,
Aýdym aýtjak, senem çal gitarany.

Gitme, "Çalman" - diýip arany açyp,
Geldim seniň üçin menziller geçip.
Şu gün, seň gaşyňda ýüregmi açyp,
Saýrajak, tonyma sal gitarany.

Gunçalar gül açýar bahar çagynda,
Bilbil perýat etýär gülüň bagynda.
Söýgim huzuryňda, yşgyň janymda,
Göwnümde saz eýläp çal gitarany.

Ýaşlygymyz ömrüň ajap peşgeşi,
Gözleriň kalbyma saldy teşwüşi.
Bu ajap baharma getirmän gyşy,
Göwnümi ýaz eýläp çal gitarany.

Garşymda otyryp gyýa seredip,
Näziň bilen ýüregimi eredip,
Kalbymdaky baky söýgä saz edip,
Iň inçe notadan çal gitarany.

Edebiňe gurban, erkiňe gurban,
Illerde ýok, gözel görküňe gurban,
Gysganmasaň birje sözüňe gurban,
Söýgüme nagş edip sal gitarany.

Gabanyp-gysganyp gezmezim ýaly,
Yşgyň bilen her gün ölmezim ýaly,
Özümi ajala dözmezim ýaly,
Ýaşaýyş bagş edip çal gitarany.

Aşyk ýarym meň halymy duýmaýar,
Jigerimde hijran ody köreýär.
Maňa beýle zalym çemeleşme, ýar,
Söýgim kabul eýläp çal gitarany.

Aýdanym maňzyňa batmadyk bolsa,
Ataşym kalbyňy ýakmadyk bolsa,
Eger sözüm saňa ýokmadyk bolsa,
Aýlap bu başymdan sal gitarany.


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
28
73
manolya
10 May 2024
@okyyjy, hany bir göz gezdireýin
manolya
10 May 2024
@okyyjy, aha ))
manolya
10 May 2024
@okyyjy, ýok ýok gaty gowy galamyňyza bereket 🤦🤦😅 ýa beýle däldimi şol 😁 degişdim galamyňyzyň ujy ýiti bolsun !
manolya
10 May 2024
@okyyjy, wii sizmi ýa awtory...üstünlik gaty gowy bolupdyr )
manolya
10 May 2024
@okyyjy, soňky bendi güldürdi...göz öňüme gelip gitdi ))
okyyjy
10 May 2024
@manolya, göwnüňizden turan bolsa begenýän
manolya
10 May 2024
Gowy goşgy eken !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.