Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek,
Yene ýazjak. Öňkilerim az ýäly.
Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak
Söyüp ýörün... bar pasyllar ýaz ýaly.
Yöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk,
Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly.
Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp,
Käte gahar edýär, käte näz ýaly.
Bir görsen-ä içgin äbede-jüje,
Duşuşýasam aralarmyz saz ýaly.
Käte bar umydym çykaryp puja,
Yüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly.
Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler,
Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly.
.. ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar,
Göwnüme bolmasa, ýene az ýäly...
1961