okyyjy
15.05.2024 13:15
Gözelligiň waspyndan ejiz geldi sözlerim,
Göni garaýyn diýsem, gyýa bakdy gözlerim,
Salam bermek isledim sakawlady dillerim,
Özüň duýup halymy, gel ýanyma, dilberim!

Gyldan inçe billeriň tutaý diýsem el barmaz.
Ýüpek ýaly saçlaryň ysgasam kalbym ganmaz.
Sözüm kabul et, läläm, senden hiç göwnüm galmaz.
Özüň bilip halymy, gel ýanyma, dilberim!

Gözleriň jellatmydy, kast eýleýär janyma.
Kirpikleriň ýaý oky, sünjülip dur bagryma.
Sözleriňde bol many, ezip guýduň aňyma.
Rehim eýläp halyma, gel ýanyma, dilberim!

Senden başga gyz ýokdyr bu göwnüme jaý boljak.
Aýsyz garaňky gije asmanymda aý boljak.
Özge gyzlar gerek däl tutuş ömre taý boljak.
Ömrüme bezeg bolyp, gel ýanyma, dilberim!

Şygyr ýazdym şanyňa, meýliň ýokmy görmäne,
Ak gar ýaly elleriň gelip elme goýmana?!
Bal garylan diliňden bir hoş habar bermäne,
Rehim edip halyma, gel ýanyma, dilberim!

Bir ýanymyz Köpetdag, bir ýanymyz Hazarym,
Garagumyň çölünden saňa düşdi nazarym.
Ryza bolsaň sen bilen bagt köşgüne bararyn.
Aşygyň men. Magşuk bol! Gel ýanyma, dilberim!


#Awtor Amangeldiýew Durdymyrat
20
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.