okyyjy
12.05.2024 14:00
Eneler jomartdyr, giňdir eneler,

Olar kyn pursatyň kömege geler.

Ömürboýy oňa beren jebriňi

Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.


Bagyşlar-da, baky ýumar gözüni.

Agaç ata müner, zemine gider.

Diňe özi gitmez, beren jebriňi,

Sütemiňi ýany bilen äkider.


Sen onsoň aglarsyň. Tutarsyň içiň,

Emma seň gözleriň şol bagta zardyr..

Ene soňky demde günäňi öter,

Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr



Gurbannazar Ezizow
29
64
okyyjy
26 Iýun 2024
@gula, hoş
gula
26 Iýun 2024
@okyyjy, hoş
gula
26 Iýun 2024
@okyyjy, okamagy govy görýän hawa goşgy bolsun eser bolsun
gula
26 Iýun 2024
@okyyjy, ussat dogry juda zehinli ýazyjy
gula
26 Iýun 2024
Ýaşlygynyň baharynda aradan cykan emma dür manyly goşgylaryny bize goyup giden beyik şahyr
gula
26 Iýun 2024
Ýaşlygynyň baharynda aradan cykan emma dür manyly goşgylaryny bize goyup giden beyik şahyr
manolya
12 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.