okyyjy
20.09.2024 07:56
Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegni
Ýonup, döretýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk – duşmanydyr sungatyň.
Tygşytly bolanda, beýikdir mana.
Men pikrimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme!

Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa urup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.


Gurbannazar Ezizow
15
59
okyyjy
19.09.2024 04:17
Hindiniň awçysy çyksa şikäre,
Özge aw islemez, pil sesin aňsa;
Otag ören bolsa bilbili-zara,
Otaga ot salar, gül sesin aňsa.

Jereniň balasyn baksaň, bejerseň,
Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,
Höregne gül berip, bir güni görseň,
Watandan el götär, çöl sesin aňsa.

Gündize gün zynat, gijäge – mahtap,
Kümüş zäge mätäç, altyna – simap,
Derýa görki mähek hem dürri-naýap,
Bilur röwşen tapar, kül sesin aňsa.

Harsydünýä söýer teňňäni, maly,
Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,
Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,
Galar garysyna, pul sesin aňsa.

Jelep karar etmez ýeke är bilen,
Dostun görse, bolmaz kesbi-kär bilen,
Ýola gelmez taýak bilen, zor bilen,
Ýagşy zen daş gaçar, gel sesin aňsa.

Gula döwlet gelse bilmez agasyn,
Nakyldyr: har semrär – deper eýesin,
Kyrk çillede görseň doňuz çagasyn,
Bükürdi urar gaçar jul sesin aňsa.

Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy,
Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy,
Gaçar bethüýlerden söz guran saýy,
Çyrag iba kylar, ýel sesin aňsa.

Bedasylyň köňli açylar, şer diýseň,
Hergiz gitmez, il derdine ýör diýseň,
Bahyllaryň jany çykar, ber diýseň,
Täzeden jan geler, al sesin aňsa.

Karun mülkün alsa bir är ýa tişi,
Pulum az diýr, her gün çeker käýişi,
Nuhuň ömrün hasyl etse bir kişi,
Ýakmaz gulagyna, öl sesin aňsa.

Nepes, sen sözleseň ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllerde,
Asal ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, bal sesin aňsa.


@Mollanepes
11
96
okyyjy
17.09.2024 02:20
Ynsanyň bezegi: ahlak hem edep,
Biziň dünýämizden dep bolmawersin.
Ädim gyşyk ädilmesin, ädilse –
Daşynda goldawy köp bolmawersin.

Wezipe çekilse beýik bir ýere,
Süýthorlyk hiç haçan gelmesin sere.
Duzy bolmasa-da aýdylan söze,
El çarpyp goldaýan köp bolmawersin.

Gelmesin jahana ikinji Karun,
Ýurduň ýolbaşçysy bolmasyn zamun.
Hökmüni ýöretsin döwletde kanun,
Düzgün bozulmalar köp bolmawersin.

Çekip gezdik mydam: döwrüň keşgini,
Garalygny bukup, bezäp keşbini.
Nebsine gul bolup, halal kesbini,
Harama bulanlar köp bolmawersin.

Başga-da zatlar köp, aýdyp durmaýyn,
Özümi, sizi-de derde goýmaýyn.
Jahyl pikirlermi goşga çyrmaýyn
Bimany jümleler köp bolmawersin.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
84
okyyjy
15.09.2024 06:38
Jan doganlam,Gulak goýuň, haýyşym!
Daňdan çagy bir oraşan düýş gördim:
Uzyn bir ýol meň çatmamdan başlanýar,
Ýoluň her ýanynda bir çatma gördüm.

Çatmalaň her haýsy özbaşdak ojak,
Her çatmada saýalaýar bir goçak.
Goçaklaň başynda müň dürli oýuň
Höküm sürýänine ant içip boljak.

Ýol soňunda, gözýetimden alysda,
Dim-dik, ýokarlygna galýar ak şöhle,
Ýa-da, Ylahydan inen ak yşyk,
Gudrat bolup ýere inýär şol künçde.

Gözüm dikipdirin şol ak yşyga,
Nämedir bir zada garaşýaryn men.
(Goçaklaňam bolup durşy şol ýerde
Bäbekhana gelnin salan ýaly, geň.)

Ýagşy niýetlere umytlar baglap,
Garaşdyk kä diňip, käteler aglap.
Bir habar gelmeli akdan-garadan
Garaşdyk, şol ýola gözleri baglap.

Birden, ak yşygyň içinden çykyp,
Bize tarap uçup gaýtdy ak kepder.
Dem salyma ýetmän ýetişip geldi,
Elime gelende boldy bir depder.

Ak depder, daşynda bezelen möhür.
Gatyn açdym, ak şuglalar saçyldy.
Şuglasyndan görer gozüm kör bolup
Gulaga bir täsin owaz eçildi.

"Hak ýolunda...
Günä etýär...
Puşman et..."
Şol habardy, nury didäm röwşeni.
Goçaklaň habary maňa nämälim.
Bir haýyşym, ýorup beriň düýşümi!

Huşa geldim, didelerim monjugy,
Sapagyny birçak üzen ekeni,
Gözýaşlarym ýaňagymy, ýüzümi
Özümden birugsat ýuwan ekeni.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
134
okyyjy
14.09.2024 04:33
Çykyp bilmen täsin bakýan,
Gara gözleň täsirinden.
Bol hasyla garaşylýan,
Arzuwlaryň ýesiri men.

Her ýerinden ýaralanan,
Bölek-bölek umytlarym.
Beýnimiň içine gaçan,
Ýylgyrşyňy unutmaryn.

Täleýimiz bagtymyzy
Kesişdirse bir nokatda,
Baglamasa ýolymyzy
Aýralyk atly böwetde,

Guramasa şahalary
Ömür atly daragtymyň,
Gymmat bolar bahalary,
Miwesi datly, bagtymyň.

Gel! Bile ýollar aşaly,
Ýyndam ýyllaň huzurynda.
Gel! Çemen goýup gaýdaly,
Aýralygyň guburynda.

Amangeldiýew Durdymyrat
11
61
okyyjy
13.09.2024 03:13
Amanat janymdan umyt üzüler,
Ezraýyldan gelen güni çakylyk.
Akmak men, dünýäniň panylgyna,
Öýdüpdirin hemişelik, bakylyk.

Garaşaryn, hem-de göreşerin men,
Salgysyn hiç haçan ýalňyşmaz ajal.
Ylahy zatlara jedelim bolmaz,
Hakyň ýalňyşany görlüpdir haçan.

Ylham joşan wagty goşup harplary,
Bir söz bilen müň ýürege ýeterin.
Ýazaryn men pikirlermiň harplygyn,
Sözlere geçmänkäm baky ýiterin.

Çaň basyp, könelip galan depderim,
Irde-giçde alyp okasa biri,
Ruhum janlansa göznüň öňünde,
Müň ýyl soňam bolsa, ýene men diri.

Imansyzlykdan hem körzehinlikden,
Gorkýan, gassap gören goýun mysaly.
Iki setir sözüm siňse aňlara,
Aklygym şol, arzuwlarmyň wysaly.


Amangeldiýew Durdymyrat
15
95
okyyjy
10.09.2024 05:01
Ala gözleriňi söwdügim, dilber,
Saňa bir tenhada sözüm bar meniň.
Atlas ýüküm dost köýünde çözüldi,
Bir zülpi garaga näzim bar meniň.

Ak gollara al-al hynalar ýakar,
Ala göze syýa sürmeler çeker,
Dosty bolan dostyň ýolyna bakar,
Dosta gidýän ýolda yzym bar meniň.

Ýigit bolan gizlin syryn bildirmez,
Gözel bolan gül meňzini soldurmaz,
Her bolar-bolmaza meýil bildirmez,
Bir laçyn awlara bazym bar meniň.

Garajaoglan diýer, gonanalar göçmez,
Bu aýralyk bizden arasyn açmaz,
Bir däli köňlüm bar, gözelden geçmez,
Gözellerden doymaz gözüm bar meniň.


Garajaoglan
11
29
okyyjy
08.09.2024 00:51
Ýaşlygym ötensoň, meňzim solansoň
Geleniňde näme, gelmäňde näme?!
Meniň indi senden göwnüm sowansoň
Söýeniňde näme, söýmäňde näme?!

Sen diýip, ugryňda boldym perwana,
Söýmediň, otlary saldyň bu jana.
Üýtgänden soň derýaň ugry ters ýana,
Akanynda näme, akmanda näme?!

Nazarym düşensoň özge bir güle,
Bagtymy baglamsoň, men, şol gül bile,
Mundan soň gaşymda dönüp bilbile,
Saýramaňda näme, saýraňda näme?!

Gözlerimde saňa söýgi sönensoň,
Eden azabymy ýere gömensoň,
Daň ýyldyzy – ömrizaýa dönensoň,
Doganynda näme, dogmanda näme?!

Senden bir haýyşym, gelme sen indi!
Bagtyma badagyň urma sen indi!
Saňa ýazan şygrym görme sen indi,
Göreniňde näme, görmäňde näme?!

Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
13
59
okyyjy
07.09.2024 11:59

Gaty görme kemter sözleýänime,

Şu goşga ýüregmi salaýyn, eje!

Aýlar-günler doldy görmeýänime,

Bu gün seň ýanyňa baraýyn, eje!


Mähirli ýylgyrşy, eziz ýüzleri,

Bal-şeker garylan süýji sözleri,

Elmydam ýoluma garan gözleri,

Alla rugsat berse göreýin eje.


Ýaňlanyp dur gulagymda pentleriň,

Şolar bilen aşýan ýollaň bentlerin.

Seň şanyňa aýdyp goşgy beýtlerim,

Baraşsam göwnüňi awlaýyn eje.


Başarsam bir çümmük guwnaç döredip,

Buýsanç bilen gözleriňe seredip.

Ak pataňy ýaran edip-ýar edip

Ýene-de işime gaýdaýyn eje.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

37
138
okyyjy
07.09.2024 11:58

Öz döreden zady bolan pul üçin,

Biri-birisinini gyryp ýör

Adam.

Bäş manady köpräk bolany üçin,

Garybyň üstünden gülüp ýör

Adam.


Ýalan söze, gara nebse gul bolup,

Gardaşyn gul kimin satýanam

Adam.

Allanyň kelamyn, sözin unudyp,

Halalyna haram gatýanam

Adam.


Zamanadan yza galmajak bolup,

Barmagyna altyn dakypdyr

Adam.

Altyna-baýlyga ýok diýip bilmän,

Gyzyn söýmedigne satypdyr

Adam.


Bagta ýetmek üçin ylgap barşyna,

Bagtdan daşlaşýanyn duýanok

Adam.

Aýalyň gepine gidip ýörşüne,

Ene-atadan habar alanok

Adam.


Öz öýüni aýalyny unudyp,

Mähri del gujakdan gözleýär

Adam.

Aýalynyň çagalarnyň bardygyn

Täzeje bir gülden gizleýär

Adam.


Ýok döwür üýtgänok.

Adam üýtegeýär,

Nadanlygy döwre ýapyp ýör

Adam.

Her kimiň öz päli özüne ýaran,

Öz gara pälinden tapyp ýör

Adam.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

28
92