okyyjy
23.09.2024 23:27
Bagtly etmäge söz berip bilmen,
Uly sen, aýama ýerleşerdenem.
Razy seniň üçin başarmasamda,
Synanşyp görmäge herne şerte men.

Arman, birsydyrgyn tukat durmuşym,
Seni şatlandyrjak sebäbi-de ýok.
Gözýaşyňa sebäp bolmajak boryn,
Ýöne men oňa-da güwä geçemok.

Durmyş bi, diýeniň bolup durmy nä,
Ýollaň görülmedik köteli kändir.
Mümkin sagadyňam dilleri bizi,
Aýralyga tarap iteleýändir.

Tabyda bendiläp äkidilmesem,
Ýanyňda galmaga synanyşaryn.
Seni-de hiç ýere goýbermen, biläý,
Eger ellerime ilse goşaryň.

Ykbaldyr, saý-sebäp ýitirsem seni,
Gitseň, gitdiň diýip müzzerip bilmen.
Seň üçin ýaşaryn başardygymça,
Seň üçin ölmäge söz berip bilmen.



Mätgurban Mätgurbanow
25
476
okyyjy
24 Sentýabr 2024
@Abat_, hakyky
Abat_
24 Sentýabr 2024
Mätgurbanowyñ goşgulary nätse-de soñky bendine çen okadýa:)
gula
24 Sentýabr 2024
@okyyjy, hawa şeýle görünýä...)
okyyjy
24 Sentýabr 2024
@gula, ýöne olar posta degişli dälda
okyyjy
24 Sentýabr 2024
@gula, sagboluň:)
gula
24 Sentýabr 2024
165 tesvir bilen trend bolupsyňyz gutlaýan:)))
1089
24 Sentýabr 2024
👍
Tayler
24 Sentýabr 2024
@Bitter, bolya
Bitter
24 Sentýabr 2024
@Tayler, hmm ok
Tayler
24 Sentýabr 2024
@Bitter, işdenâ boş, başga bir bahana bolmasa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.