okyyjy
26.09.2024 00:07
Kitap durmuşymyzyň bezegi. Kitaplaryň syrly dünýäsi bar. Ol dünýäniň syrlaryny açmak okyjynyň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa, diňe kitaby dost tutunyp okamak gerek. Kitap okamak ynsanlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenişini ösdürýär. Ynsanyň ýakyn we ynamdar dosty bolan kitaplar barada biläýmeli zatlarymyz kän. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Dünýädäki iň äpet kitap “Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” diýlip atlandyrylýar. Kitabyň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr. 492 kilograma deň bolan bu kitap 4 sahypdan ybaratdyr.

*****

Anton Pawlowiç Çehowyň “Hameleon” kitaby dünýädäki iň kiçi kitap hasaplanýar. Bu kitap 2002-nji ýylda dünýäniň iň kiçi kitaby hökmünde rekordlar kitabyna girdi.

*****

Angliýanyň Uestberi-sab-Mendibi şäherçesinde ýerleşýän gyzyl telefon “öýjagazynyň” içinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanýar. Geň ýeri, bu kiçi kitaphanadan 100-e golaý kitap neşirlerini tapmak bolýar.

*****

Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitap “WIKIPEDIAL” diýlip atlandyrylyp, onuň 5000 sahypasy bar. Bu kitap Rob Metýusa degişlidir.

*****

Dünýädäki iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksi” diýlip atlandyrylýar. Italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri hem-de olaryň syrlary hakynda ýazylan bu kitaby Bill Geýts 30,8 million dollara satyn alypdyr.

*****

“Britaniýanyň parlament dokumenti” diýlip atlandyrylýan kitap dünýäniň iň köp dilde çap edilen kitaby hasaplanýar. 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýan kitap 1112 tomdan ybarat we onuň agramy 3300 kilograma deňdir.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
15
303
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, 😎
okyyjy
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, minnetdar ýöne nätseňem, posty trenda edipsiň👍
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, 😇🙌
okyyjy
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, bilýäna seňem kitapçydygyňy
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, ana aklyň işläp başlady ☺️🫠🫠🫠
okyyjy
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, ýakma:ly how ýakma:ly
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, ýakmaly how ýakmaly...
okyyjy
26 Sentýabr 2024
@matsuriken, trenda edipsiň sagbol, welin, kitaplary ýakmaly diýeniňe goşulamok😐
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@awesome, gowjamyň özüň? Sagaman oýnap gülüp, ýakylman düşüp gezip bormüň?
matsuriken
26 Sentýabr 2024
@awesome, şükür alhamdulilla gowy. Habarlaşmeňeý, ýat bolup gitdiň.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.