Şahyr Kerim Gurbannepesow
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dogulýar. Ol obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Şol wagtky Beýik Watançylyk urşunyň dowam edýän döwründe, onuň maşgalasy agyr kynçylyklary başyndan geçirendigi sebäpli, maşgalasy Tejene göçmeli bolýarlar.
Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär.
Şahyr, 1949-1951-nji ýyllar aralygynda goşun gullugynda bolupdolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistik kärinde işe başlaýar. Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, prawleniýa agzasy, Türkmenistanyň Ýokary mejlisiniň deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.
Kerim goşgy ýazmaga ýaşlykdan başlaýar. Onuň ilkinji ýazan goşgulary etrap hem-de “Mydam taýýar”, “Ýaş kommunist” gazetlerinde, “Tokmak” žurnalynda çap edilýär. Ilkinji goşgular ýygyndysy “Güýjümiň gözbaşy” diýen ady bilen 1951-nji ýylda okyjylara hödürlenýär. Şondan soň, zehinli şahyryň kitaplarynyň ençemesi çeper eserleriň muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär.
Onuň “Goşgular we poemalar” kitaby (1958 ý.), “Taýma baba” poemasy (1960 ý.) awtora uly şöhrat getirýär. 2007-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan “Oýlanma baýry” atly goşgular ýygyndysy çap edilýär. Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.
Zehiniň hötjetligi
Şahyr redaksiýa goşgy getirdi.
Okady redaktor,okady müdir.
Ikisi-de diýip “Goşgy erbet däl,
Arkaýyn ötägit, çap bolar ertir”
“Ýöne weli… diýip, sakyndy müdür-
Goşga bir setirjik ýetirýar zeper.
Manysy yrgarak. Düzedilmese,
Käbir nadan başga tarapa çeker”
Sypaýy adamdy çal saçly müdir.
Awtor sypaýydy ondanam beter.
(Iki edepliniň bolan ýerinde,
Birisi hemişe parhlylyk eder)
Parhlylyk awtoryň paýyna düşdi.
“Bolýar” diýip, aldy galamyn ele.
Ýanyp-ýanyp çykan ýeke-täk sözi
Ýanyp ýetişmedik ýetmiş söz bile
Çalşyrdy. Üýtgetdi. Ýene çalşyrdy.
Ýene-de üýtgetdi. Çykmady derek.
Bozdy, Ýazdy. Bozdy. Ýene-de ýazdy.
Onsoň okap gördi ýene bir gezek.
Bolmady. Öýüne äkitdi onsoň.
Ruçkasyn çeýnäp, sypalap saçyn,
Oturdy, çygyldy tutuş bir agşam,
Çygyldy iki gün. Çygyldy üç gün.
Çygyldy ýene-de dördülenji gün.
Ýene. Ýene… Setir düzülman galdy.
Şahyr düzelmane razydam welin,
Zehini kes-kelläm razy däldi.