Mugallym, çagalaryñ pikirlerini bulaşdyrmak üçin "Çagalar !" diýipdir, "Allatagalla hemmämiziñ jennetde ýaşamagmyzy isleýän bolsa, näme üçin bizi dünýä ugradypdyr ?" Çagalardan biri soraga garşylyk beripdir :
"Mollym !" diýipdir. "Şübhesiz siz biziñ hemmämiziñ gowy bahalar bilen okuwy gutamagmyzy isleýäñiz. Onda näme üçin hemmämize gowy baha goýman egzamine salýañyz... ?"
***
Iki dost gürriñ etýärdiler. Söz aýlandy-dolandy durmyşyñ nähili çalt geçip gitýändigi hakynda gyzyşdy :
"Durmyş kyrkyñdan soñ başlaýa." diýidi. Aralaryndan biri. Beýleki hem jogap berdi :
"Otuz bäşiñde, ölmeseñ eger..."
***
Rus ofisant, Türkmen müşderä :
"Gökdepe galasynda köp esgermizi öldirendigiñiz üçin sizleri kän halamaýarys." diýende. Biziñkem gaty arkaýyn ýagdaýda şu jogaby beripdir:
"O ýerden näme işläp ýördiñiz... ?"
📌 Terjimede ýalñyšlyk bar bolsa bagyşlañ.
📝 @Okayjy
Ibn Sinadan, "Dünýäde dermany bolmaýan bir dert barmy ?" diýip soranlarynda şu jogaby beripdir:
"Derdiñ dermansyzy, gowynyñ erbede mätäç bolmagydyr."
***
"Adam, äleme agalyk etýän bir barlykdyr." diýen filosof mugallymyna, okuwçylarnyñ biri şu jogaby beripdir :
"Iñ bärkisi, dawlenýasyna söz ýöredip bilmeýän adam, äleme nädip agalyk etsin ?"
***
Tolstoydan "Nädip bagytly bolýañyz ?" diýip soranlarynda şu jogaby beripdir :
"Eýe bolan zadyma begenip, eýe bolup bilmedik zatlarma bolsa gynanman."
📝 @Okayjy
Awçularyñ elinden ýaraly bolup gaçyp gutulan ýolbarsy gören tilki "Bu nä boluş ýolbars dogan ? Biziñkiler awa çykypdyrlarda, seni awlaýdylarmy ýa ?" diýipdir.
Ýolbars, ganlar içinde öñem ýaraly, ysgynsyz we ýadow, tilkä tarap öwürlip "Men bu ýaradan ölmezdim welin, seniñ bu söziñ öldirdi" diýipdir.
***
Lukman Hekimden "Hassamyza nämeler iýdirmeli ?" diýip soranlarynda šu jogaby beripdir :
" Ajy söz iýdirmäñ, başga näme iýsede bolar."
***
Mevlana şägirtleri bilen birlikde ýolda ýöräp barýakalar, biri-birlerine gysylşyp ýatan itleri göripdirler.
Şägirtlerden biri " Gaty gowy doganlyk ýagdaýy" diýipdir. "Käşkä adamlar hem bulardan biraz görelde alsalar."
Mevlana çala ýylgyrypdyr we garşylyk beripdir :
"Aralaryna bir süñk oklada, gör hany doganlyklarny."
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.
Terjime eden: @Okayjy
Bir danadan "Garyplyk näçe gün dowam eder ?" diýip soranlarynda. "Kyrk gün" diýip jogap beripdir.
"Onsañ ? Kyrk günden soñ näme bolar ?"
Dana gaty arkaýyn jogap beripdir :
"Öwrenşersiñiz."
***
Meşhur bir filosofdan "Baýlyk, aýaklaryñ aşagyndaka näme üçin beýle garyp ýaşaýañ ?" diýip sorag soranlarynda. Olam şu jogaby beripdir :
" Oña eýe bolmak üçin, egilmek gerekdir " diýipdir.
***
Bir kazyýetde bäş ýüz gamçy urulmak jezasy berlen adam gülüp " Ýoldaş kazy ! Sen ýaha ömriñde hiç urlyp görmänsiñ, ýa-da san sanamany bileñok" diýipdir.
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.
Terjime eden : @Okayjy
Bir danadan "Dünýädäki iñ kyn zat näme ?" diýip sorapdyrlar.
"Sözdir" diýip jogap beripdir Dana.
"Näme üçin ?" diýip soranlarynda.
"Sebäp, düşinmek hem kyndyr, düşindirmek hem." diýipdir.
***
Bir gün Isa pygamber ýolda barýarka bir adam oña agyzyndan gelen sòzini diýýär. Isa pygamberiñ ýanyndaky adamlary
"Näme üçin siz hiç zat diýmediñiz ?" diýip soranlarynda.
"Herkim ýanynda baryndan berer" diýipdir. "Onda bar bolan, meniñ ýanymda ýokdyr".
***
Gulaklarynyñ ululygy bilen meşhur bolan Galileýe şägirtlerinden biri :
- Halypa ! Gulaklaryñyz bir ynsan üçin biraz ulyrak dälimi ?
Galilei :
- Dogry. Meniñ gulaklarym bir ynsan üçin biraz uly, ýöne seniñkiler hem bir eşek üçin gaty kiçiräk dälmi ?
📌 Terjime eden : @Okayjy
Bir gün Mevlanañ ýanyna bir topar filosof geldi we oña käbir sowallarna jogap bermegini islediler. Mevlanada bulary öz halypasy bolan Şemsi Tebriziñ ýanyna ugratdy. Filosoflar onyñ ýanyna gitdiler. Şemsi Tebrizi metjitde öz şägirtlerine palçyk bir kerpiç bilen nähili teýemmüm alnyp bilinjekdigini öwredip otyrdy.
Filosoflar oña üç sowal soramak isleýändiklerni aýytdylar. Şemsi Tebrizi hem "Sorañ" diýip jogap berdi. Filosoflardan biri sowallary sorap başlady.
- Allatagalla bar diýýäñiz, ýöne hiç kim görmeýär. Görkezde bizem ynanaly.
Şemsi Tebrizi :
- Beýleki sowalyñam sora.
Filosof:
- Allatagalla Şeýtany otdan ýaratdy diýýäñiz we soñam oña ýene ot bilen azap ediler diýýäñiz. Heýem bir ot-oda zyýan edip bilermi ?
Şemsi Tembrizi :
- Soñky sowalyñam sora.
Filosof:
- Ahyrýetde hemme öz hakyny alar we jezasyny hem çeker diýýäñiz. Onda adamlary öz günlerine goýyñ. Goý göwünleri näme islese şoña göräde ýaşasynlar. Siz goşulmañ.
Filosof soñky soragyny soñlap dyndy welin Şemsi Tebrizi elindäki gury kerpiç bilen filosofyñ kellesine uryp göýberdi. Filosof çalt ýagdaýda metjitden çykyp zamanyñ kazysynyñ ýanyna baryp " Men sowal soradym, ol bolsa kelläme kerpiç bilen urdy" diýip şikaýat etýär
Şemsi Tebrizi bolsa " Menem diñe jogap berdim" diýýär.
Kazy bu ýagdaýyñ doly düşindirilmegini isleýär.
Şemsi Tebrizi :
- Ýoldaş kazy ! Maña Allany görkez, menem ynanaýyn diýdi. Indi bu filosof kellesine uran kerpijim kellesinde agyry döredendigini aýytýar. Agyrsyny görkezsinde bizem oña ynanaly.
Ýene maña Şeýtana ot bilen nädip azap ediljegini sorady. Men muña bir toprak bölegi bilen urdym. Toprak onyñ kellesini agyrtdy. Ýöne onyñ öz bedeni hem toprakdan ýaradyldy. Toprak toprakda nädip agyry döredip biler ?
Ýene-de maña, Adamlaryñ durmyşyna goşylmañ goý göwün islegelerine görä ýaşasynlar, munyñ üçin bir hak talap edip bolmaz diýdi. Meniñ göwnümdenem munyñ kellesine kerpiç bilen urmak islegi geçdi we urdym. Näme üçin öz hakyny gözleýär ? Bu dünýäde kiçijek bir mesele üçin hak gözlenýän bolsa, o soñsyz ahyrýet durmyşynda, näme üçin hak talap edilmesin.
Filosof, bu jaýdar jogaplaryñ garşysynda utanyp, kazyñ ýanynda ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi...
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.
Terjime eden @Okayjy