okayjy
06.09.2023 22:59
Zamanalaryñ birinde, bir hökümdar ýaşapdyr. Bir gün hökümdar, öz şazenanlarynyñ biri bilen dawa etýär we ony öz köşginden kowup göýberýä. Günler, aýlar we ýyllar geçýär. Hökümdar öz weziri bilen ýurdyñ hal ýagdaýny bilmek üçin öz şalygyna aýlanmagy ýüregine düwýär. Ýurt parahat, adamlar öz hökümdaryndan razy ýagdaýda ýaşap ýördiler. Hökümdar we wezir iñ soñky obañ hem deñesinden geçip barýakalar, bir köneje gara öýiñ daşynda bir aýalyñ işläp durandygyny görýärler. Hökümdar bu aýaly öñem bir ýerde görendigini duýup, gara öýe tarap sowulýar we aýaldan bir käse suw soraýar. Aýal hökümdaryñ ýüzine bir seretýär we suw almak üçin öýe girýär. Hökümdar ol aýalyñ ýyllar öñ öz köşginden kowan aýalydygyny bildi. Aýal suw alyp çykanda hökümdar ony synlady.
Aýalyñ egnindäki köýnegi könedi, käbir ýerlerinde ýama hem bardy. Ýüzi hem biraz gün şöhlesine garalypdyr. Aýal suwa hökümdara berenden soñ Hökümdar :

- Ykbaly görýäñmi. Sen meñ köşgimde bollukda ýaşaýadyñ we kyrk sany kenziliñ bardy. Hiç bir kemçiliñ ýokdy. Iýýäniñ bal-gaýmak, geýýäniñ hem zer ýüpekdi. Ýöne sen şonnada mesligiñe çydaman meñ garşyma gitdiñ, indem nirede bir harabalyk ýaly ýerde ýaşap ýörsiñ.

Aýal hökümdara jogap bermek isledi ýöne çekindi we wezire seretdi wezir oña arkaýyn gürläp biljekdigini gòzi bilen duýdyrdy. Aýal :

- Dogry aýytýañyz hökümdarym. Men siziñ köşgiñizde ýaşaýakam hemme zadym bardy, ýöne bilýäñizmi näme siziñ kyrk sany aýalyñyz bardy we meñ otagyma kyr günde bir gezek gelerdiñiz. Siziñ berýän bal-gaýmagyñyz bokurdagyma zäher, zer ýüpegiñiz bolsa egnime otdan keten bolypdy. Dogry men bärde naýynjar ýagdaýda ýaşaýan bolmagym ahmal ýöne bir günini hem mensiz geçirmeýän adamym bar. Onyñ maña berýän mähri meni siziñ zer ýüpegiñizden hem ýyly sakalaýar. Onyñ maña azap edip getirip berýän çöregi siziñ bal-gaýmagyñyzdan hem maña datly gelýär sebäp biziñ ikimiz hem bile şol çöregi  iýýäris. Sözimiñ gysgasy hökümdarym \\\" Eriksiz Şa bolandan, erikli Gedaý bolanyñ ýagşy eken\\\".

Aýal sözini tamamlap, öz öýine girip gitdi. Hökümdar bu sòzlere geñ galyp wezirine seretdi we :

- Bu indi maña näme diýjek boldy ?

Wezir :

- Adamyñ garnyny mähir doýrar diýdi we sizem kyrk aýalyñ ýerine diñe birini saklasañyz belki gowy bolardy.


📌 Ýadyma düşişine görä ýazdym ýalñyşlyk bar bolsa bagyşlañ.

📙 Alşir Nowaýyñ "Myraly we Soltansöýin" kitabyndan.

@Okayjy

24
70
cilek
16 Oktýabr 2023
👍🏻
0331
6 Sentýabr 2023
👍👍👍👍
orazow96
6 Sentýabr 2023
2👍
okayjy
6 Sentýabr 2023
@bayra, Salam. Menem şonda okadymmykam diýipdim. Köne kitapdan okapdym kiçikäm.
bayra
6 Sentýabr 2023
Myraly Soltansoyunde bar su
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.