Bir danadan "Dünýädäki iñ kyn zat näme ?" diýip sorapdyrlar.
"Sözdir" diýip jogap beripdir Dana.
"Näme üçin ?" diýip soranlarynda.
"Sebäp, düşinmek hem kyndyr, düşindirmek hem." diýipdir.
***
Bir gün Isa pygamber ýolda barýarka bir adam oña agyzyndan gelen sòzini diýýär. Isa pygamberiñ ýanyndaky adamlary
"Näme üçin siz hiç zat diýmediñiz ?" diýip soranlarynda.
"Herkim ýanynda baryndan berer" diýipdir. "Onda bar bolan, meniñ ýanymda ýokdyr".
***
Gulaklarynyñ ululygy bilen meşhur bolan Galileýe şägirtlerinden biri :
- Halypa ! Gulaklaryñyz bir ynsan üçin biraz ulyrak dälimi ?
Galilei :
- Dogry. Meniñ gulaklarym bir ynsan üçin biraz uly, ýöne seniñkiler hem bir eşek üçin gaty kiçiräk dälmi ?
📌 Terjime eden : @Okayjy