okayjy
05.09.2023 12:53

Sensiz ýaşamaz diýdiler maña,

Görýäñmi ýaşaýan ekenim sensiz,

Ýalñyzlygy çekmez diýidiler maña,

Görýäñmi ýalñyz hem ýaşaýan senziz,


Sensiz ädim ätmez diýdiler maña,

Seretsene ýolumy ýöreýän sensiz,

Sensiz gülmez hem diýdiler maña,

Ýöne men kah-kahlap gülýärin sensiz!


Sen hakda kän zatlar diýdiler maña,

Diýdiler dañlarym atmazmyş sensiz,

Säher wagty öwsen saba ýeller hem,

Şolar hem öwsmezmiş ýanymda sensiz.


Güýz gününiñ çisñäp ýagýan ýagmyry,

Diýdiler ýagmazmyş ýanymda sensiz,

Gyş gününiñ syrap ýagýan ak gary,

Şol hem ýagmazmyş bolamda sensiz.


Garañky gijeler zemini bolup,

Ak ýyldyzlar hem suýnmezmiş sensiz,

“Akmaýanyn ýoly” süýt ýaly aýdyñ,

Bolmazmyş bolmasam birlikde sensiz.


“ÝOK”! bu zatlary hiç kim diýmändi maña,

Öz-özüme diýipdim, bolamda sensiz,

Göz öñüne getirmäge gorkyp, men şonda,

Dowam etmäge men ýolumy sensiz.


Emma gorkydan ne peýda maña,

Dowamat-dowam ýollara sensiz,

Birwagtlar eziz ,häzir ýat maña,

Durmyş dowam etýär ýoluny sensiz.!!


Edil häzir hem otyryn sensiz,

Kiçijek otagda ümsümjek sessiz,

Pikire batýaryn düşinýän sensiz,

Diýýärin “ bagtlymyñ ýaşasañ mensiz”?

29
95
okayjy
5 Sentýabr 2023
@mawy, Salam. Howa ýene geldim.
okayjy
5 Sentýabr 2023
@garlawac_, Salam. Awtory ýazyk däl eken
wolf
5 Sentýabr 2023
👍🔥👍🔥👍👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.