Bir gün Mevlanañ ýanyna bir topar filosof geldi we oña käbir sowallarna jogap bermegini islediler. Mevlanada bulary öz halypasy bolan Şemsi Tebriziñ ýanyna ugratdy. Filosoflar onyñ ýanyna gitdiler. Şemsi Tebrizi metjitde öz şägirtlerine palçyk bir kerpiç bilen nähili teýemmüm alnyp bilinjekdigini öwredip otyrdy.
Filosoflar oña üç sowal soramak isleýändiklerni aýytdylar. Şemsi Tebrizi hem "Sorañ" diýip jogap berdi. Filosoflardan biri sowallary sorap başlady.
- Allatagalla bar diýýäñiz, ýöne hiç kim görmeýär. Görkezde bizem ynanaly.
Şemsi Tebrizi :
- Beýleki sowalyñam sora.
Filosof:
- Allatagalla Şeýtany otdan ýaratdy diýýäñiz we soñam oña ýene ot bilen azap ediler diýýäñiz. Heýem bir ot-oda zyýan edip bilermi ?
Şemsi Tembrizi :
- Soñky sowalyñam sora.
Filosof:
- Ahyrýetde hemme öz hakyny alar we jezasyny hem çeker diýýäñiz. Onda adamlary öz günlerine goýyñ. Goý göwünleri näme islese şoña göräde ýaşasynlar. Siz goşulmañ.
Filosof soñky soragyny soñlap dyndy welin Şemsi Tebrizi elindäki gury kerpiç bilen filosofyñ kellesine uryp göýberdi. Filosof çalt ýagdaýda metjitden çykyp zamanyñ kazysynyñ ýanyna baryp " Men sowal soradym, ol bolsa kelläme kerpiç bilen urdy" diýip şikaýat etýär
Şemsi Tebrizi bolsa " Menem diñe jogap berdim" diýýär.
Kazy bu ýagdaýyñ doly düşindirilmegini isleýär.
Şemsi Tebrizi :
- Ýoldaş kazy ! Maña Allany görkez, menem ynanaýyn diýdi. Indi bu filosof kellesine uran kerpijim kellesinde agyry döredendigini aýytýar. Agyrsyny görkezsinde bizem oña ynanaly.
Ýene maña Şeýtana ot bilen nädip azap ediljegini sorady. Men muña bir toprak bölegi bilen urdym. Toprak onyñ kellesini agyrtdy. Ýöne onyñ öz bedeni hem toprakdan ýaradyldy. Toprak toprakda nädip agyry döredip biler ?
Ýene-de maña, Adamlaryñ durmyşyna goşylmañ goý göwün islegelerine görä ýaşasynlar, munyñ üçin bir hak talap edip bolmaz diýdi. Meniñ göwnümdenem munyñ kellesine kerpiç bilen urmak islegi geçdi we urdym. Näme üçin öz hakyny gözleýär ? Bu dünýäde kiçijek bir mesele üçin hak gözlenýän bolsa, o soñsyz ahyrýet durmyşynda, näme üçin hak talap edilmesin.
Filosof, bu jaýdar jogaplaryñ garşysynda utanyp, kazyñ ýanynda ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi...
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.
Terjime eden @Okayjy