Zamanalaryñ birinde bir hökümdar ýaşapdyr. Hökümdar adalatly, parasatly we halkyna jomart bolupdyr. Onyñ sag eliniñ barmagyda, atasyndan galan ýadigärlik ýüzigi bardy. Ýüzük, kümüşden , gaşsyz, ýönekeý ýasalandy ony bezeýän zat diñe onyñ ýüzindäki inçelik bilen ýazylan "Gyssanma, buda geçer !" ýazgysydy. Hökümdar gamlansa ýüzige serder, biraz gaýgysy azalardy, şatlansa ýüzige serder, biraz pikirlenerdi. Her ýagdaýda hem ýüzüge seretmek oña endik bolupdy.
Bir gün hökümdara bir habar geldi. Hökümdar bu habara gaty gahary geldi, gözleri wagşy möjegiñ gözleri deý ýaldyrady. Özine erk etmek üçin ýüzügine seretdi, ýöne ýüzügiñ güýji hem onyñ bu gaharnyñ garşysynda täsir etmedi.Çep eli bilen barmagyndan ýüzigi sogurdy we eliniñ tersine zyñyp göýberdi...
"Wagt - her derde dermandyr", diýilýäni dogrydyr. Hökümdar hem biraz wagtyñ geçmegi bilen köşeşipdi. Atasyndan galan ýadigärligi zyñanyna ökündi, tagtydan düşdi we ýüzügini gözläp başlady. Ýüzük, köşgiñ günorta tarapyndaky aýnanyñ öñide ýatyrdy, hökümdar muny gördi. Ýüzigiñ ýanyna baryp ony eline aldy. Hökümdar ýüzigi synlady, oña zeper ýetmegini islänokdy nähili bolsada atasynda galan ýadigärlikdi... Birden... Hökümdar köşgi ýañlandyrýan sesi bilen güldi, biraz göwni açylypdy... Ýüzige täzeden seretdi, ýüzigiñ iç ýüzinde güniñ şöhlesine ýaldyrap görinýän "Buda geçer." ýazgy ony ýene bir gezek ýylgyrtdy...
# Unutmañ, bu dumyşdaky bar zat gelip-geçijidir. Hatda ynsandaky duýgylar hem...