nepesowna
06.11.2023 10:46

Men özümi aýamadym hiç ýerde, Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. Aglamda geň galdy terkidünýäler, Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde.


Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm,

Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men.

Adam söýsem, kimligine garaman ...

Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.


Maňa bolsa: «Beýdip ýörme» diýdiler,

«Seniň bu bolşuňa diýerler tentek.

Sen entek ýaş ahyr, saňa gor gerek,

Seniň bar geljegiň öňüňde entek»


Men özümi aýamadym hiç ýerde.

Gorum gutarar diýip etmedim müýni.

Kä söýenim üçin urdular meni,

Kä gazabym üçin söýdüler meni.


Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum,

Şer işiň tersinde goýdum men şeri.

Soň görüp otursam, gutarýar eken

Diňe berilmeýän zatlaryň gory.


Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriň

Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,

Bir gyzyl manat deý gizleýänleriň

Gutarýar ekeni ýürekde gory.


Men özümi aýamadym hiç ýerde,

Özümi bagyş etdim özgeler üçin.

Dogry, käte azar berýär ýüregim,

Oňam basga zatdan bolmagy mümkin.


Gurbannazar Ezizow_🍁

26
33
nepesowna
31.10.2023 08:33

Özüňi söýmek başgalara seni söýmegi öwredýär.

25
44
nepesowna
27.10.2023 00:32

🌧️ 𝗜𝗹𝗸𝗶𝗻𝗷𝗶 𝗴𝗲𝘇𝗲𝗸 𝗿𝗮𝗱𝗶𝗼𝗱𝗮 𝗵𝗼𝘄𝗮 𝗺𝗮𝗴𝗹𝘂𝗺𝗮𝘁𝘆𝗻𝘆𝗻 𝗮𝘆𝗱𝘆𝗹𝗺𝗮𝗴𝘆𝗻𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝘀𝗲𝗯𝗮𝗽 𝗯𝗼𝗹𝘂𝗽𝗱𝘆𝗿. 𝗔𝗺𝗲𝗿𝗶𝗸𝗮𝗱𝗮 𝗯𝗶𝗿 𝗿𝗮𝗱𝗶𝗼𝘆𝗮𝘆𝗹𝘆𝗺𝘆𝗻 𝘆𝗼𝗹𝗯𝗮𝘀𝗰𝘆𝘀𝘆 𝘆𝗮𝗴𝘀𝘆𝗻 𝗮𝘀𝗮𝗴𝘆𝗻𝗱𝗮 𝗴𝗮𝗹𝗮𝗻𝗱𝗮𝗻 𝘀𝗼𝗻𝗿𝗮, 𝗵𝗼𝘄𝗮 𝗺𝗮𝗴𝗹𝘂𝗺𝗮𝘁𝘆𝗻𝘆𝗻 𝗮𝘆𝗱𝘆𝗹𝗺𝗮𝗴𝘆 𝘆𝗼𝗹𝗮 𝗴𝗼𝘆𝗹𝘂𝗽𝗱𝘆𝗿.


🌧️ 𝗕𝗿𝗮𝘇𝗶𝗹𝗶𝘆𝗮𝗻𝘆𝗻 𝗣𝗮𝗿𝗮 𝘀𝘁𝗮𝘁𝘆𝗻𝗱𝗮 𝗮𝗱𝗮𝗺𝗹𝗮𝗿 𝘆𝗮𝗴𝘀𝗮 𝗴𝗼𝗿𝗮 𝘀𝗮𝗴𝗮𝗱𝘆𝗻 𝘄𝗮𝗴𝘁𝘆𝗻𝘆 𝘀𝗮𝘇𝗹𝗮𝘆𝗮𝗿𝗹𝗮𝗿, 𝘀𝗲𝗯𝗮𝗯𝗶 𝗼𝗹 𝘆𝗲𝗿𝗱𝗲 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝗴𝘂𝗻𝗱𝗲 𝘀𝗼𝗹 𝗯𝗶𝗿 𝘄𝗮𝗴𝘁𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗛𝗮𝗸𝘆𝗸𝗮𝘁𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘀𝘆𝗻 𝘆𝘀𝘆 𝘆𝗼𝗸. 𝗢𝗻𝘂𝗻 𝘆𝗮𝗸𝘆𝗺𝗹𝘆 𝘆𝘀𝘆𝗻𝘆 𝗮𝗸𝘁𝗶𝗻𝗼 𝘄𝗲 𝘀𝗶𝗮𝗻𝗼 𝗯𝗮𝗸𝘁𝗲𝗿𝗶𝘆𝗮𝗹𝗮𝗿𝘆 𝗱𝗼𝗿𝗲𝗱𝘆𝗮𝗿. 𝗬𝗮𝗴𝘀𝗮 𝘆𝘀 𝗯𝗲𝗿𝘆𝗮𝗻 𝗺𝗮𝗱𝗱𝗮 𝗴𝗲𝗼𝘀𝗶𝗺 𝗱𝗶𝘆𝗹𝗶𝗽 𝗮𝘁𝗹𝗮𝗻𝗱𝘆𝗿𝘆𝗹𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗨𝗴𝗮𝗻𝗱𝗮 𝘆𝘆𝗹𝗱𝗮 𝗮𝘇𝘆𝗻𝗱𝗮𝗻 250 000 𝗴𝗲𝘇𝗲𝗸 𝘆𝘆𝗹𝗱𝘆𝗿𝘆𝗺 𝗰𝗮𝗸𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗣𝗼𝗿𝘁𝘂𝗴𝗮𝗹𝗶𝘆𝗮𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝘀𝗲𝗯𝗮𝗽𝗹𝗶 𝗶𝘀𝗱𝗲𝗻 𝗴𝗮𝗹𝗺𝗮𝗴𝗮 𝗿𝘂𝗴𝘀𝗮𝘁 𝗯𝗲𝗿𝗶𝗹𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗕𝗼𝘁𝘀𝘄𝗮𝗻𝗮𝗱𝗮 𝗮𝗱𝗮𝗺𝗹𝗮𝗿 𝗯𝗶𝗿𝗶-𝗯𝗶𝗿𝗶 𝗯𝗶𝗹𝗲𝗻 "𝗽𝘂𝗹𝗮" 𝗱𝗶𝘆𝗶𝗽 𝘀𝗮𝗹𝗮𝗺𝗹𝗮𝘀𝘆𝗮𝗿𝗹𝗮𝗿, 𝗼𝗻𝘂𝗻 𝗺𝗮𝗻𝘆𝘀𝘆 "𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀" 𝗱𝗶𝘆𝗺𝗲𝗸𝗱𝗶𝗿. 𝗠𝘂𝗻𝗱𝗮𝗻 𝗯𝗮𝘀𝗴𝗮-𝗱𝗮 𝗯𝘂 𝗱𝗼𝘄𝗹𝗲𝘁𝗶𝗻 𝗽𝘂𝗹 𝗯𝗶𝗿𝗹𝗶𝗴𝗶 𝗵𝗲𝗺 𝗺𝗮𝗻𝘆𝘀𝘆 𝗯𝗼𝘆𝘂𝗻𝗰𝗮 "𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀" 𝗱𝗶𝘆𝗹𝗶𝗽 𝗮𝘁𝗹𝗮𝗻𝗱𝘆𝗿𝘆𝗹𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗞𝘂𝗯𝗮𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝗲𝘀𝗮𝘀𝗮𝗻 𝗼𝘆𝗹𝗮𝗻, 𝗧𝗮𝘆𝗹𝗮𝗻𝗱𝗱𝗮 𝗯𝗼𝗹𝘀𝗮 𝗴𝗶𝗷𝗲𝗹𝗲𝗿𝗶𝗻𝗲 𝘆𝗮𝗴𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗘𝗴𝗲𝗿-𝗱𝗲 𝗮𝗱𝗮𝗺 𝗰𝗼𝗹𝗱𝗲 𝗯𝗼𝗹𝘀𝗮, 𝘆𝗮𝗴𝘀𝘆𝗻 𝗮𝘀𝗮𝗴𝘆𝗻𝗱𝗮 𝗴𝘂𝗿𝘆 𝗴𝗮𝗹𝗺𝗮𝗴𝘆 𝗺𝘂𝗺𝗸𝗶𝗻. 𝗬𝘀𝘀𝘆 𝗵𝗼𝘄𝗮𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝗱𝗮𝗺𝗷𝗮𝗹𝗮𝗿𝘆 𝗯𝘂𝗴𝗮 𝗼𝘄𝗿𝘂𝗹𝗶𝗽 𝘆𝗲𝗿𝗲 𝗰𝗲𝗻𝗹𝗶 𝘆𝗲𝘁𝗶𝗽 𝗯𝗶𝗹𝗺𝗲𝘆𝗮𝗿.


🌧️ 𝗛𝗶𝗻𝗱𝗶𝘀𝘁𝗮𝗻𝘆𝗻 𝗖𝗲𝗿𝗮𝗽𝘂𝗻𝗱𝗷𝗮 𝘀𝗮𝗵𝗲𝗿𝗶 𝗱𝘂𝗻𝘆𝗮𝗱𝗮𝗸𝗶 𝗶𝗻 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀𝗹𝘆 𝘀𝗮𝗵𝗲𝗿𝗱𝗶𝗿.


🌧️ 𝗔𝗺𝗲𝗿𝗶𝗸𝗮𝗻𝘆𝗻 𝗔𝘆𝗮𝗴𝗼 𝘀𝘁𝗮𝘁𝘆𝗻𝘆𝗻 𝗨𝘆𝗮𝗻𝘀𝗯𝗲𝗿𝗴 𝘀𝗮𝗵𝗲𝗿𝗶𝗻𝗱𝗲 100 𝘆𝘆𝗹𝗱𝗮𝗻 𝗯𝗮𝗿𝗶 𝘀𝗼𝗹 𝗯𝗶𝗿 𝘄𝗮𝗴𝘁𝗱𝗮, 𝘆𝗮𝗴𝗻𝘆 𝗵𝗲𝗿 𝘆𝘆𝗹𝘆𝗻 29-𝗻𝗷𝘆 𝗶𝘆𝘂𝗹𝘆𝗻𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘆𝘀 𝘆𝗮𝗴𝗮𝗻𝗱𝘆𝗴𝘆 𝗵𝗮𝘀𝗮𝗯𝗮 𝗮𝗹𝗻𝘆𝗽𝗱𝘆𝗿.


🌧️ 𝗧𝗮𝗸𝗺𝘆𝗻𝗮𝗻 100 𝗺𝗶𝗹𝗹𝗶𝗼𝗻𝗱𝗮𝗻 𝗯𝗶𝗿 𝗮𝗱𝗮𝗺𝗱𝗮 𝘆𝗮𝗴𝘀𝗮 𝗴𝗮𝗿𝘀𝘆 𝗮𝗹𝗹𝗲𝗿𝗴𝗶𝘆𝗮 𝗯𝗼𝗹𝘆𝗮𝗿.

42
316
nepesowna
26.10.2023 11:28

Ilkinji Oskar dabarasy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda "Hollywood Roosevelt" myhmanhanasynda geçirilipdir.


Oskar heýkeljigi

Heýkeljigi "Metro Goldwyn Mayer" şereketiniň bezegçisi Sedrik Gobbins eli gylyçly rysar esger şekilinde taýýarlaýar. Soňra heýkeltaraş Jorj Stenli tarapyndanam ýasalýar. Oskar heýkeljiginiň boýy 34.3 sm, agramy-da 3.856 kg. Her ýylky Oskar dabarasy üçin britaniý metaly, kümüş nikelden ýasalan we üstüne 24 karatlyk altyn çaýylan heýkeljikleriň 50 sanysy 3-4 hepdäniň dowamynda ýasalýar. Adynyň gelip çykyşy barada-da 2 dürli maglumat bar. Birinjisi, Oskary 2 gezek eýelän meşhur aktrisa Bette Dewis ýanýoldaşy Harmon Oskara bagyş edip, onuň adyny goyupdyr we soňlugy bilenem, şol Oskar ady galypdyr. Ýene bir maglumatda bolsa, Amerikan kino akademiýasynyň kitaphanasynda işleýän Margaret Herrik heýkeljikleri kakasynyň dogany Oskara meňzeşendigi üçin bu ady goyupdyr diýen gürrüňem bar. Akademiýa Oskar adyny 1939-njy ýyla çenli resmi ýagdaýda ulanmaýar. Arzyly heýkeli alanlaryň ony hiç bir baha satmagyna rugsat edilmeýär. Ony diňe akademiýa 1 dollara yzyna alyp bilýär.

21
70
nepesowna
26.10.2023 00:05

Söýgi diýmek näme? "Açyş" diýmekmi,

Ýa-da ganat baglap uçuş diýmekmi?

Kalbyňdaky bar arzuwyň, umydyň,

Şonuň üçin jandan geçiş diýmekmi?


Söýgi näme? Ýürekdäki owazmy

Ýa-da joşgun berýän aýdymmy-sazmy?

Gülzarlygy mydam ýadyňa salýan

Sowulmaz bägülli baharmy-ýazmy?


Söýgi näme? Adamdaky arzuwmy,

Ýa-da köňüldäki hyýal-hyjuwmy?

Ony oda oklap, soň suwa zyňýan,

Oýa batryp, horlap ýören ejirmi?


Şeýdip, öz-özüme sorag berip men,

Söýgiň nämedigni bilmekçi boldum.

Söýgi diýen zada düşünmän asla,

Ýene şol sowaly jogapsyz goýdum.


Maýsa Jumaşowa

23
41
nepesowna
25.10.2023 01:05

Akja garly gyşdan, joşgunly ýazdan,

Jöwzaly tomusdan hem tylla güýzden,

Tanyş hem nätanyş müň dürli gözden

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Ençe gözler syr duýdurdy örtenip,

Olaryň yhlasyn yza gaýtaryp,

Arşyň-Kürsüň arasyny agtaryp,

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Bagrym bilen söýgi deňzin kürekläp,

Gözüm bilen giň jahany daraklap,

Iki dünýä ykbalyma gerekläp,

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Gözleýän Asmandan, gözleýän Ýerden,

Gözleýän altyndan, tylladan, zerden,

Eger bagtym çüwüp sataşsam birden,

Ilki sözüm

Diňe seni gözleýän.

23
53
nepesowna
24.10.2023 20:51

Ýalňyzlyk ýakynlaryňyzy ýitireniňizde däl, ýalňyzlyk ýakynlar nätanyş bolanda bolýar.


Ýalňyzlykda ýitenimizde köplenç özümizi tapýarys.


Samsyk ýalňyzlygy nädip ýeňip boljakdygyny gözleýär, akylly ondan nädip lezzet almalydygyny tapýar.

26
80
nepesowna
23.10.2023 09:29

3 sany iň gowy maslahat


Aýtma, hereket et.

Söz berme, subut et.

Garaşma, başla.

30
135
nepesowna
22.10.2023 21:46

Deňäýinmi seni bahar gününe?

Näzik keşbiň seniň şeýle mylaýym,

Çapgyn şemal yrar Maýyň gülüni,

Ýaz wagty tiz geçýär her günüm-aýym.

Käte gün şöhlesi ýandyryp barýar,

Nurly keşbiňde-de görünýär ünji.

Gözellik baky däl, ol solup barýar,

Gözelligiň solmaz, duran bir hünji.

Bahar-ýazyň seniň sowulmaz asla,

Elwan gülleň solmaz seniň, bakydyr.

Ne-hä ýitirersiň ajap görküňi,

Ne-de ajal dözer ol gözellige.

Gözi görüp, dem alyp dursa ynsan,

Baky ýaşar, ýaşadar seni kyssam.


°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°


Ýaz gününe deňäýinmi gül keşbiň?

Ýöne sen ondanam görkli, mylaýym.

Baharmyzam çak ederden tiz geçýär,

Ýellerem yrap ýör güllerin Maýyň.

Güne meňzeş ýüzüň ýagtylýar käte,

Käte tukatlygna gelýärin gabat.

Jahanda bar bolan gözellikleri,

Bir gün alyp gider ynjyk tebigat.

Ýöne weli solmaz seniň gül roýuň,

Ýitirmez seň görküň-görmegiň.

Seni pençesine salmaz şum ajal,

Bezegikäň şahyr setirlerimiň.

Göreçler görýärkä, alýarkak demi,

Bu goşgym ýaşar hem ýaşadar seni.


Uiliýam Şekspir

19
29
nepesowna
21.10.2023 09:13

Sallanjyrap, erkiñ alar eliñden,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.

Lak ataýsañ, bela goýar diliñden,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.


Saçyña seredip "Daýy" diýýärler,

"Siz indi öýdäkiñ paýy" diýýärler.

"Biz göçgünli jahyl taýy" diýýärler,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.


Sizi Gün deñinde goýasym gelýär,

Sönüp däl alawlap, söýesim gelýär,

Käte "Şeýtanjyklar" diýesim gelýär,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.


Ýöräninde çeşme kimin akymly,

Gözlerinde jemlän ähli akylny,

Duýanoklar, wah, hemmä-de ýakymly,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.


Peýda ýokdur söýgä dahyllygyñdan,

Çekiber minneti şahyrlygyñdan,

Habary ýok göwnüñ jahyllygyndan,

Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.


Toýly ÖWEZOW.

24
38