nepesowna
22.10.2023 21:46

Deňäýinmi seni bahar gününe?

Näzik keşbiň seniň şeýle mylaýym,

Çapgyn şemal yrar Maýyň gülüni,

Ýaz wagty tiz geçýär her günüm-aýym.

Käte gün şöhlesi ýandyryp barýar,

Nurly keşbiňde-de görünýär ünji.

Gözellik baky däl, ol solup barýar,

Gözelligiň solmaz, duran bir hünji.

Bahar-ýazyň seniň sowulmaz asla,

Elwan gülleň solmaz seniň, bakydyr.

Ne-hä ýitirersiň ajap görküňi,

Ne-de ajal dözer ol gözellige.

Gözi görüp, dem alyp dursa ynsan,

Baky ýaşar, ýaşadar seni kyssam.


°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°°


Ýaz gününe deňäýinmi gül keşbiň?

Ýöne sen ondanam görkli, mylaýym.

Baharmyzam çak ederden tiz geçýär,

Ýellerem yrap ýör güllerin Maýyň.

Güne meňzeş ýüzüň ýagtylýar käte,

Käte tukatlygna gelýärin gabat.

Jahanda bar bolan gözellikleri,

Bir gün alyp gider ynjyk tebigat.

Ýöne weli solmaz seniň gül roýuň,

Ýitirmez seň görküň-görmegiň.

Seni pençesine salmaz şum ajal,

Bezegikäň şahyr setirlerimiň.

Göreçler görýärkä, alýarkak demi,

Bu goşgym ýaşar hem ýaşadar seni.


Uiliýam Şekspir

19
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.