Söýgi diýmek näme? "Açyş" diýmekmi,
Ýa-da ganat baglap uçuş diýmekmi?
Kalbyňdaky bar arzuwyň, umydyň,
Şonuň üçin jandan geçiş diýmekmi?
Söýgi näme? Ýürekdäki owazmy
Ýa-da joşgun berýän aýdymmy-sazmy?
Gülzarlygy mydam ýadyňa salýan
Sowulmaz bägülli baharmy-ýazmy?
Söýgi näme? Adamdaky arzuwmy,
Ýa-da köňüldäki hyýal-hyjuwmy?
Ony oda oklap, soň suwa zyňýan,
Oýa batryp, horlap ýören ejirmi?
Şeýdip, öz-özüme sorag berip men,
Söýgiň nämedigni bilmekçi boldum.
Söýgi diýen zada düşünmän asla,
Ýene şol sowaly jogapsyz goýdum.
Maýsa Jumaşowa