nepesowna
06.11.2023 10:46

Men özümi aýamadym hiç ýerde, Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. Aglamda geň galdy terkidünýäler, Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde.


Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm,

Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men.

Adam söýsem, kimligine garaman ...

Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.


Maňa bolsa: «Beýdip ýörme» diýdiler,

«Seniň bu bolşuňa diýerler tentek.

Sen entek ýaş ahyr, saňa gor gerek,

Seniň bar geljegiň öňüňde entek»


Men özümi aýamadym hiç ýerde.

Gorum gutarar diýip etmedim müýni.

Kä söýenim üçin urdular meni,

Kä gazabym üçin söýdüler meni.


Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum,

Şer işiň tersinde goýdum men şeri.

Soň görüp otursam, gutarýar eken

Diňe berilmeýän zatlaryň gory.


Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriň

Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,

Bir gyzyl manat deý gizleýänleriň

Gutarýar ekeni ýürekde gory.


Men özümi aýamadym hiç ýerde,

Özümi bagyş etdim özgeler üçin.

Dogry, käte azar berýär ýüregim,

Oňam basga zatdan bolmagy mümkin.


Gurbannazar Ezizow_🍁

26
33
nepesowna
6 Noýabr 2023
@okan, 🌹
okan
6 Noýabr 2023
👍👍👍👏👏💐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.