nepesowna
25.10.2023 01:05

Akja garly gyşdan, joşgunly ýazdan,

Jöwzaly tomusdan hem tylla güýzden,

Tanyş hem nätanyş müň dürli gözden

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Ençe gözler syr duýdurdy örtenip,

Olaryň yhlasyn yza gaýtaryp,

Arşyň-Kürsüň arasyny agtaryp,

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Bagrym bilen söýgi deňzin kürekläp,

Gözüm bilen giň jahany daraklap,

Iki dünýä ykbalyma gerekläp,

Diňe seni,

Diňe seni gözleýän.


Gözleýän Asmandan, gözleýän Ýerden,

Gözleýän altyndan, tylladan, zerden,

Eger bagtym çüwüp sataşsam birden,

Ilki sözüm

Diňe seni gözleýän.

23
53
nepesowna
27 Oktýabr 2023
@garlawac_, yasap bereyinmi😁
nepesowna
27 Oktýabr 2023
@sabyrly, awtoryny bellap almandyryn
sabyrly
26 Oktýabr 2023
Awtory kimka gowy gosgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.