nabat_
12.05.2024 12:44
BIR GÜN...
Ýazgydymy ýakyp, külün sowuryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Sypatymy küýsän keşbiňe öwürip,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Bozuk öýde abat gapyny açyp,
Mähriň siňen arak-şerapdan içip,
Mahluksypat ynsanlygymdan gaçyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Aňşyrmaryn Arş nirde, Kürs nirde,
Ýüregmi agyrdýan duýgudan irdim.
Diýseňem: «Gyssanma, gowşara irdir».
Ýanyňa bararyn bir gün...
Utanarsyň didarymy gördügiň,
Saňa suwsap, teşne bolup ýördügim,
Gören düýşlerimi ýagşa ýorduryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Gysganarsyň, gizläp nuruň, dideleň,
Ýüregim ýigrençde, kalbym kinede.
Meni ýalňyş ýazgydymdan ideme,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Günälerim gülberimde haşlaýyp,
Ruhumy boşadyp, sowap başlaýyp,
Ahyrynda gargyş bilen da:şlanyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
© Gurbanmyrat SARYÝEW
25
54
nabat_
10.05.2024 19:27
SOŇKY GEZEK
Soňky gezek görüşeli,
Atyşaly...
ㅤㅤㅤㅤㅤ...birki nazar.
Galam deý ýiti kirpikleň
Belki-de, kalbyma ýazar
Bar soraglaň bellisini,
Ýa goýar garagmy oýup,
Gyzyl nokat belgisini.
Soňky gezek sataşaly,
Tutaşaly alaw ýaly,
Bolsa-da şunça ýaşalan
Zatlaň bary ýalan ýaly.
Açaly ähli syrlarmyz,
Sebäbi biliner ir-giç.
Synlaýyn görmedik ýaly
Men seni şu çaka deňiç.
Soňky gezek duşuşaly,
Uçaly birdemem bolsa.
Alaýyn razylygyňy
Eger göwne degen bolsam.
Şatlyklary alyp git sen,
Goý-da maňa gaýgylary.
...Görüşeli soňky gezek,
Soňky gezek aýrylaly.
© Mukam MUHAMOW
33
65
nabat_
09.05.2024 08:11
Ýagyş barada gyzykly maglumatlar
Ýagyş hakynda gyzykly maglumatlar, tebigy hadysalar barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ygalyň köp dürli faktorlara täsir edip, ekosistemada möhüm rol oýnaýandygy bellemek gerek. Ýer ýüzünde her gün diýen ýaly ýagyş ýagýan ýerler, hem-de ýagmaýan ýerlere duş gelmek bolýar.
Ýagyş barada gyzykly maglumatlar:
Ýagyş damjasynyň diametri 7 mm-den geçmeýär, ýogsam ol deň ikä bölüner. Bu ýagdaýda ýagşyň intensiwligi hiç hili rol oýnamaýar.
Ýer ýüzündäki iň ýagyşly ýer Gawaýide (ABŞ) ýerleşýän Waýelealedir.
Tornado ýa-da güýçli tupanlardan soň gurbagaly, balykly ýa-da ýylanly ýagyşlar ýagyp biler. Bularyň hemmesi bu tebigy hadysanyň howada haýsy jandarlary götermegine baglydyr.
Dünýäniň iň gurak ýeri Antarktidadaky Gury jülgelerdir. Sagatda 320 km tizlige ýetýän ýerli ýeller çyglylygyň bugarmagyna sebäp bolýar.
Asmanda älemgoşar diňe ýagyş ýaganda peýda bolýar.
1209-njy ýyla degişli golýazma görä, häzirki Ýewropanyň günbatar böleginde 20-nji maýdan 9-njy awgust aralygynda üznüksiz ýagyş ýagdy.
Tailandda köplenç gijelerine ýagyş ýagýar, käte gündizine ýagýar.
Portugaliýada ýagyş işe gijä galmak üçin gowy bahana hasaplanýar.
Iň yssy çöllerde ýagyş damjalary köplenç ýere gaçmazdan ozal howada bugarýar.
Belgiýa we Niderlandlar dünýäniň iň ýagyşly ýurtlarynyň arasynda durýar.
Ýer ýüzündäki iň ýagyşly ýer, Hindistanyň Çerrapunji şäheridir.
100 milliondan 1 adamda ýagyşa allergiýasy bar. Sebäbi ýagyş damjalaryndaky bakteriýalar bilen baglanyşyklydyr.
ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda Uaýnsber şäherinde bir asyrdan gowrak wagt bäri her ýyl 29-njy iýulda ýagyş ýagýar.
Reňkli ýagyş barada gyzykly maglumatlar
Belli bolşy ýaly, ýagyş suw damjasy görnüşdäki bulutlardan aşak düşýän atmosfera ygalydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen ýagynly, ygally günler has köpelýär. Adatça ýagyş reňksiz bolup, käte dürli sebäplere görä, onuň reňkli görnüşi hem gabat gelýär. Reňkli ýagyşlar barada gadymy ýazgylarda hem beýan edipdirler. Bu barada Gomeriň “Iliadasynda” ýatlanylýar. Ýagşyň reňkli görnüşleri hakynda bilmek täsirli bolsa gerek:
Gyzyl ýagyş. Ýagşyň bu görnüşi XIX asyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýyllarda hasaba alyndy. Mysal üçin, Italiýada, Gresiýada, Alžirde, Sisiliýada. Ýagşyň bu reňkini Afrikanyň sebitlerinden ýel bilen uçup howa goşulýan dürli tozan bölejikleriniň emele getirýändigi öwrenildi.
Gara ýagyş. Bu görnüşli ýagşy atmosferadaky suw damjalary bilen wulkan atylandaky emele gelýän külleriň garylmagy netijesinde ýüz çykýar. Beýle ýagyş Monrealda hasaba alnypdyr.
Ak ýagyş. Tebigy hek tozany bilen howadaky suw damjalarynyň bilelikdäki emele getirýän ýagşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Sary ýagyş. Bu reňkli ýagşyň emele gelmeginiň sebäbi ondaky dürli ösümlikleriň tozgalary bolup durýar. Şeýle ösümliklere berýoza we käbir gyrymsy agaçlar degişlidir.
Ösümlik tozgalary käte ýaşyl reňkli ýagşyň döremegine hem sebäp bolýar. 2002-nji ýylda bolup geçen adaty bolmadyk şeýle hadysa Hindistanda hasaba alnyp, onuň düzüminde mango tozanjyklarynyň bardygy ýüze çykaryldy
26
247
nabat_
08.05.2024 13:51
NÄZIK HESER
Aýlar-ýyllar akyp barýar suw ýaly,
Diýmeýäris bir-birege «Nirde sen?».
Öňler bir sebäpden sessiz galaýsak,
Sabyr edip garaşaýman irdene,
Örüzerdik dost-ýarlaryň ählisin,
Bilinmezdi wagtyň iri ýa giji.
Tutmasak-da aýralygyň adyny
Ahyry bize-de ýetdi bir ujy.
Söýgi şeýle bolýarmyka öýderdik,
Aslynda öýdenmiz söýgüden beýik
Başga bir duýgudy. Soňra biz ony
Tapmadyk,
Gaýtadan görsek-de söýüp.
Şol günleri islesek-de hernäçe
Gaýtadan gaýtalap bolmaýan eken.
Göýä bir otluçöp, çyzdyň, kül boldy,
Ikilenç ýanmaýan eken.
Galýar ondan diňe näzik bir heser,
Ne diňledip bolýan, ne-de bir yryp.
Ne ýürekde gömüp bolýar ömürlik,
Ne-de ondan aýryp bolýar sypyryp.
Edil häzir nämedýärsiň kim bilýär,
Belki, ukladandyr gijäň mazasy.
Ýa böwrüňi diňledýändir durmuşyň
Aladasy, çeker-çekmez yzasy.
Ýa henizem gelen dälsiň işiňden,
Erkek kişä mydam iş kän gijara.
Okandyr «Alhamy» eýýäm üç gezek,
Ejeň biçäre.
Ýa-da ysgaýansyň çagaň saçyny,
Melulsyň ysyna behişdi gülüň.
Belki, şeýledir...
Bilmedim.
Mundan aňyrsyna baranok dilim,
Mundan aňyrsyna çydanok ýürek.
© Gurbanjemal ANNAKOWA
26
49
nabat_
07.05.2024 18:09
Söýgi näme?
Günlerde bir gün danalaryň birinden «Söýgi diýlen zady, hakykatdanam, kalbynda duýup ýaşaýan adam bilen ony kiçi dilinden aňryk geçirip bilmeýäniň arasynda nähili tapawut bar?» diýip sorapdyrlar.
Dana: «Şony häzir size görkezeýin» diýipdir-de, söýgini kalbynda duýup bilmeýänleri nahara çagyrypdyr. Myhmanlar saçagyň başyna geçip oturanlaryndan soňra, nahar çekilipdir. Yzyndanam her kime bir gulaçdan uzyn bolmasa, kelte bolmadyk çemçe uzadylypdyr. Dana myhmanlara nahary diňe çemçäniň ujundan tutup iýmelidigini aýdypdyr.
Myhmanlar öňlerine goýlan nahary uzyn çemçeleriň ujyndan tutup iýmäge synanyşypdyrlar. Emma çemçe juda uzyn bolansoň, olar tabakdan alýan naharlaryny agyzlaryna ýetirip bilmän, dökän-saçan edipdirler. Şeýdibem, hemmesi aç turup gaýtmaly bolupdyrlar.
Onsoň, dana: «Indi bolsa, söýginiň nämedigine düşünýän adamlary çagyralyň» diýipdir. Şeýlelikde, ýüzleri nurana, gözleri mähirden bulduraýan birnäçe adam içerik giripdir. Olara-da edil ýaňkylara bolşy ýaly nahar çekilipdir, uzyn çemçeleriň ujundan tutup nahar iýmeklik buýrulypdyr. «Noş bolsun» diýlensoň, her kim çemçesi bilen nahary susup alypdyr-da, gabadyndaky oturana uzadypdyr. Olar şeýdip, biri-biriniň gabadynda oturana nahar iýdirip, garnyny doýrupdyrlar. Soňunda-da töwir galdyryp, saçakdan turupdyrlar.
Şonda dana ýanyndakylara şeýle diýipdir: «Ine, kimde-kim bu dünýäde özünden başga adam görmän, diňe özüni alada edip ýaşasa, ol hökman aç galar. Eger kimde-kim özgäniň garnyny doýurmalydygyny bilip ýaşasa, ony hem hökman biri gelip doýrar. Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr»
30
75
nabat_
07.05.2024 08:12
Göwnüm tapmak kyn düşer
Meň göwnümi tapmak saňa kyn düşer,
Ýagyş bolsaň, göwnüm gary höweslär.
Saňa daş zat maňa has ýakyn düşer,
Sen gin bolsaň, göwnüm dary höweslär.
Düşünmeseň goşgularmyň heňine,
Nädip ýetjek,men göwnümiň deňine?!
Sen asuda ýanýaň yşgyň şemiňe,
Meniň göwnüm ataş-nary höweslär...
Gin bolsa-da bu dünýänin çygyry,
Neçun alnymyzda ýyllan ýygyry?!
Erteki sen,
a men göwnüm şygyry...
Hemem akyp ýatan many höweslär...
Kyn düşse-de diýip "Men nä Leýlimi?"
Jahekleýän, saňa bolan meýlimi.
Sen küýsärsiň şol baglaryň seýlini,
Meniň göwnüm belent dagy höweslär...
Ýakynlaşyp bilmän,
bilmän höwrüge,
Diýýäň "Ne kyn, gep düşürmek göwnüňe?!"
Sen gidiber...
ýöne, gelme, öwrülip!
Göwün, meger, ýalňyz çagy höweslär...
@ Aýgül Garaýewa
25
37
nabat_
06.05.2024 16:05
Exclusive
SORAG???
Iň agyr hem iň aýylganç işi etmäge mejbur bolýan fotožurnalistlere bagyşlanýar
Şu çagany ýerden garbap alaýman...
bagryňa basaýman... köşeşdiräýmän...
Surata aly:p durduňmy???
Suratçy gardaş?!
Eliňdäki surat alýan artybyň
pylçap urup, okdurlaýman, eňäýmän
Surata aly:p durduňmy???
Wägirýäkä, gygyrýaka,
çyrlaýaka, çygyrýaka,
urunýaka, sermenýäkä,
zyr-zöwranka çar-ýan — ahyrzamanka
Senem surata aly:p du:rmuň???
Bigünäje jennet guşjagazyndan
Behişt ysly behişt güljagazyndan
Haraý sorap uzadan eljagazyndan
Açylmanka, tutulan diljagazyndan
Utanmadyňmy?!.
Hä?!
Utanmadyňmy?!
Ýarylan ýüregi gözjagazyndan
Akyp durka....
Surata aly:p durduňmy???
Eliňdäki surata alýan enjamyň
aglandyr,
ümezländir şoňam petrewük gözi
utanandyr, bagry paralanandyr
çym-pytrak bolasy gelendir hemem
begenendir ynsan däldigine...
Emin!
Surat däl bu,
Doňup galan pursat däl
gözlere basylan köz bu
ýürege sokulan çüý
Damaklara guýlan gurşun
Tagmasy — urşuň...
Dünýäň ýazzy-maňlaýyna bazyrdadyp basylan
masgaralyk tagmasy.
Bütin adamzadyň ýüzüne tüýkürilmesi...
Hawa,hawa, beýik diýlen adamzadyň,
Bir kiçijik çagajygyň öňünde kiçelip, masgara bolmasy...
8 milliard ynsanyň mahluklarça dymmasy...
Nadanlygyň nadanlarça belentden belent dabaralanmasy...
Ah, suratçy kärdeş, ah, saňa, gardaş!
Düşün, sen-de, kine saklama, gardaş!
Bilýäs, şu çagany bagra basaýman,
Surata almagyň — seniň haýkyrma:ň,
Ynsanlarda ynsap oýarjak bolma:ň,
Ýardama çagyrma:ň hemem ylgama:ň,
Talap etmä:ň urşuň togtadylmagny
Parahatlyk döretmäge ymtylma:ň!
Ah, suratçy kärdeş, ah, saňa, gardaş!
Oktýabr. 2023ý. L.P.
Laçyn Pürjäýewa
29
110
nabat_
06.05.2024 09:18
Bakmaya doyamadigin gòzlerde yalan sòýlemişler.
Men yanyñda wagtym gadrymy bilmeseñ,gadrymy bilen wagtyñ yanyñda tapmarsyñ
Yitirmek isleýäñmi?ony dine alada et,dine sonun bilen gurleş,başga hickimi pikir etme,icki duygularyñy paýlaş bolly onun ozi gitya...
Sen onun icin aglarken,ol baskasiyla guluyordu.
😊😊😊😊😊😊
Saňa
Men saňa şeýle bir Bagt bererin,
Hatda arzuwdanam gözel görüner.
Mähir-yhlasymy nagt bererin,
Söýgim barjasyndan ozal görüner.
Al şapakdan uçgun alan güllerim
boýna orap,
Garşylasam günlerim.
Saýraberse dahan içre dillerim,
Şanyňa goşgular düzen görüner.
Gülden görk alaryn,
Aýdan asyly,
Bahar bolar ömrümiziň pasyly,
Leblerinde gizläp gandu-asaly,
Sözlerinde şerbet süzen görüner.
Seniň adyň bilen dünýämi gurşap,
Men saňa garaşýan
Her säher - her şam,
Togalanyp dursa bu goja ýer şar,
Seni gözläp, älem gezen görüner.
Goý, günler ulaşsyn, güne sepleşip,
Barybir, men gitmen senden çetleşip,
Düýşünde-de seniň bilen gepleşip,
Gijeler ukusyn bozan görüner.
@ Aýgül Garaýewa
29
29