nabat_
07.05.2024 08:12
Göwnüm tapmak kyn düşer

Meň göwnümi tapmak saňa kyn düşer,
Ýagyş bolsaň, göwnüm gary höweslär.
Saňa daş zat maňa has ýakyn düşer,
Sen gin bolsaň, göwnüm dary höweslär.

Düşünmeseň goşgularmyň heňine,
Nädip ýetjek,men göwnümiň deňine?!
Sen asuda ýanýaň yşgyň şemiňe,
Meniň göwnüm ataş-nary höweslär...

Gin bolsa-da bu dünýänin çygyry,
Neçun alnymyzda ýyllan ýygyry?!
Erteki sen,
a men göwnüm şygyry...
Hemem akyp ýatan many höweslär...

Kyn düşse-de diýip "Men nä Leýlimi?"
Jahekleýän, saňa bolan meýlimi.
Sen küýsärsiň şol baglaryň seýlini,
Meniň göwnüm belent dagy höweslär...

Ýakynlaşyp bilmän,
bilmän höwrüge,
Diýýäň "Ne kyn, gep düşürmek göwnüňe?!"
Sen gidiber...
ýöne, gelme, öwrülip!
Göwün, meger, ýalňyz çagy höweslär...

@ Aýgül Garaýewa
25
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.