Ýagyş barada gyzykly maglumatlar
Ýagyş hakynda gyzykly maglumatlar, tebigy hadysalar barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ygalyň köp dürli faktorlara täsir edip, ekosistemada möhüm rol oýnaýandygy bellemek gerek. Ýer ýüzünde her gün diýen ýaly ýagyş ýagýan ýerler, hem-de ýagmaýan ýerlere duş gelmek bolýar.
Ýagyş barada gyzykly maglumatlar:
Ýagyş damjasynyň diametri 7 mm-den geçmeýär, ýogsam ol deň ikä bölüner. Bu ýagdaýda ýagşyň intensiwligi hiç hili rol oýnamaýar.
Ýer ýüzündäki iň ýagyşly ýer Gawaýide (ABŞ) ýerleşýän Waýelealedir.
Tornado ýa-da güýçli tupanlardan soň gurbagaly, balykly ýa-da ýylanly ýagyşlar ýagyp biler. Bularyň hemmesi bu tebigy hadysanyň howada haýsy jandarlary götermegine baglydyr.
Dünýäniň iň gurak ýeri Antarktidadaky Gury jülgelerdir. Sagatda 320 km tizlige ýetýän ýerli ýeller çyglylygyň bugarmagyna sebäp bolýar.
Asmanda älemgoşar diňe ýagyş ýaganda peýda bolýar.
1209-njy ýyla degişli golýazma görä, häzirki Ýewropanyň günbatar böleginde 20-nji maýdan 9-njy awgust aralygynda üznüksiz ýagyş ýagdy.
Tailandda köplenç gijelerine ýagyş ýagýar, käte gündizine ýagýar.
Portugaliýada ýagyş işe gijä galmak üçin gowy bahana hasaplanýar.
Iň yssy çöllerde ýagyş damjalary köplenç ýere gaçmazdan ozal howada bugarýar.
Belgiýa we Niderlandlar dünýäniň iň ýagyşly ýurtlarynyň arasynda durýar.
Ýer ýüzündäki iň ýagyşly ýer, Hindistanyň Çerrapunji şäheridir.
100 milliondan 1 adamda ýagyşa allergiýasy bar. Sebäbi ýagyş damjalaryndaky bakteriýalar bilen baglanyşyklydyr.
ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda Uaýnsber şäherinde bir asyrdan gowrak wagt bäri her ýyl 29-njy iýulda ýagyş ýagýar.
Reňkli ýagyş barada gyzykly maglumatlar
Belli bolşy ýaly, ýagyş suw damjasy görnüşdäki bulutlardan aşak düşýän atmosfera ygalydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen ýagynly, ygally günler has köpelýär. Adatça ýagyş reňksiz bolup, käte dürli sebäplere görä, onuň reňkli görnüşi hem gabat gelýär. Reňkli ýagyşlar barada gadymy ýazgylarda hem beýan edipdirler. Bu barada Gomeriň “Iliadasynda” ýatlanylýar. Ýagşyň reňkli görnüşleri hakynda bilmek täsirli bolsa gerek:
Gyzyl ýagyş. Ýagşyň bu görnüşi XIX asyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýyllarda hasaba alyndy. Mysal üçin, Italiýada, Gresiýada, Alžirde, Sisiliýada. Ýagşyň bu reňkini Afrikanyň sebitlerinden ýel bilen uçup howa goşulýan dürli tozan bölejikleriniň emele getirýändigi öwrenildi.
Gara ýagyş. Bu görnüşli ýagşy atmosferadaky suw damjalary bilen wulkan atylandaky emele gelýän külleriň garylmagy netijesinde ýüz çykýar. Beýle ýagyş Monrealda hasaba alnypdyr.
Ak ýagyş. Tebigy hek tozany bilen howadaky suw damjalarynyň bilelikdäki emele getirýän ýagşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Sary ýagyş. Bu reňkli ýagşyň emele gelmeginiň sebäbi ondaky dürli ösümlikleriň tozgalary bolup durýar. Şeýle ösümliklere berýoza we käbir gyrymsy agaçlar degişlidir.
Ösümlik tozgalary käte ýaşyl reňkli ýagşyň döremegine hem sebäp bolýar. 2002-nji ýylda bolup geçen adaty bolmadyk şeýle hadysa Hindistanda hasaba alnyp, onuň düzüminde mango tozanjyklarynyň bardygy ýüze çykaryldy