nabat_
12.05.2024 12:44
BIR GÜN...

Ýazgydymy ýakyp, külün sowuryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Sypatymy küýsän keşbiňe öwürip,
Ýanyňa bararyn bir gün...

Bozuk öýde abat gapyny açyp,
Mähriň siňen arak-şerapdan içip,
Mahluksypat ynsanlygymdan gaçyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...

Aňşyrmaryn Arş nirde, Kürs nirde,
Ýüregmi agyrdýan duýgudan irdim.
Diýseňem: «Gyssanma, gowşara irdir».
Ýanyňa bararyn bir gün...

Utanarsyň didarymy gördügiň,
Saňa suwsap, teşne bolup ýördügim,
Gören düýşlerimi ýagşa ýorduryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...

Gysganarsyň, gizläp nuruň, dideleň,
Ýüregim ýigrençde, kalbym kinede.
Meni ýalňyş ýazgydymdan ideme,
Ýanyňa bararyn bir gün...

Günälerim gülberimde haşlaýyp,
Ruhumy boşadyp, sowap başlaýyp,
Ahyrynda gargyş bilen da:şlanyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
25
54
nabat_
13 May 2024
@melayew, 😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.