milaya_mm
15.08.2024 00:41
Öýkünme däl Kerim agaň sözüne
Ganly ýaş doldurma gara gözüne
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi


Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi
Men ýatyryn ejem çeker jebrini
Aýtsana seň şo edeniň dogrymy
Eý keç pelek aglatmagyn ejemi


Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly
Ağy sesi bir ölüme deň ýaly
Şu wagta çenli agladanlaň kem ýaly
Ýeter artyk aglatmagyn ejemi


Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy
Agysyna jiger bagrym köz boldy
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy
Bessir inni aglatmagyn ejemi


Keç ykbalym ele alyp bilmerin
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin
Ýadan dünýäge gezip bilmerin
Zalym pelek aglatmagyn ejemi


Käbäm diýer derdiň özüm alaýyn
Gal aýaga men saýaňda galaýyn
Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn
Meniň üçin aglatmagyn ejemi


Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny
Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny
Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny
Men aglaýyn aglatmagyn ejemi


Men ağlasam ejem garap durarmy
Jan jesetden çyksa ýürek urarmy
Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi
Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi


Maksat ýaş ogullary menden sorasyn
Hem ejäni hem saglygy gorasyn
Her ojakda gülki şatlyk döresin
Bir dileğim aglatmagyn ejâni



✍🏻 Maksat Şakirow 📃
9
47
milaya_mm
14.08.2024 14:42
Günbatar çagynda geçip bir töre
Kitap okar gözi äýneklije gyz
Säher turup okuwyna ýol alar
Nepis tahýa iki örmeklije gyz


Örümiň ujyny barmagyna orap
Ýel uğruna seýkin basyp uz ýöräp
Men diýen ýigitler yzyndan garap
Diýerler bir kemsiz görmeklije gyz


Gyz-gelinsiz geçmez toýdyr baýramlar
Bagşylar wasp edip daýym saýrarlar
Hyzmatyny gören galar haýranlar
İş edende ýeňi çermeklije gyz


Goly çeper müň hünär bar elinde
Şirin şeker hoşamaý söz dilinde
Öýüne gadyrly myhman gelende
Hyzmat eder goly çäýneklije gyz


Gündüziň güneşi gijäniň aýy
Gözüň röwşen tapar gördügüň saýy
Hoş gylyk ýumşak söz edebiň öýi
Ula kiçä sylag hormatlyja gyz


İşden eli artmaz çekikdir ýeňi
Eken bakjasynyň görünmez soňy
Çagalardan doly howlynyň öňi
Agyllary ekiz oglaklyja gyz


Gadamyň bildirmez göýä uçar sen
Bir ýerde durmarsyň ýöne göçer sen
Keteniň içinde öçmez ojar sen
Ýeň ýakasy uzyn köýneklije gyz


Şeýle gyzlar diňe mertleri söýse
Şol söýgi adalat dälmidir eýse
Merdiň sözün ýykman hoş sözi diýse
Ýylgyrsa ýaňagy oýmaklyja gyz


Şeýle gyzlar käte şahyry söýse
Şo:l söýgi adalat dälmidir eýse
Okap setirlermi gursagyna guýsa
Yzarlanda näzik barmaklyja gyz


Maksat şeýle güli barlar aýasyn
Teşnesini gandyr doldur joýasyn
İdelen gül özgä bermez öz ysyn
Müşk anbar lewi gaýmaklyja gyz



✍🏻Maksat Şakirow📃
15
36
milaya_mm
14.08.2024 03:17
Ýadadym aglamakdan
Ýöne umyt ölenok
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Niçe gyş ýazlar geçdi
Senden habar gelenok
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Ýadyňdamy şol mekdepde
Geçdi ençe ýyllarymyz
Biri-birege syrly bakyp
Sataşdyran ýyllarymyz


Neçün şonda dillenmedik
Lal açdymy dillerimiz
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Mydama seni söýüp gezerin
T:ä ölünçäm
Asla umudym sönmez
Senden habar gelinçä


Däli köňlim karar tapmaz
Bagtlydygyňy bilinçä
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Amangeldi sözlesem gursakdaky armany,
Bu duýgym bir hassadyr, ýokdyr onuň dermany.
Asla göwnüm aram bermez, ýar didaryn görmäni,
Ne hat ýazdyň, ne jogap berdiň ýazan hatlaryma.


✍🏻 Amangeldi Babaýew📃
15
38
milaya_mm
13.08.2024 23:29
Üssüňden gülýälermi...
Gybatyňy edýälermi?
Sen gynanma!
Kuwwat Ýazmuhammedow
DİÝÝÄRÄ:
Nämeden doýsaňam
Dünýeden doýma,
Seň derdiňi
Her gün dadanlar barka
10 teňňä hiç zadam
Düşenok dime
-1 teňňeden arzan
adamlar barka
15
33
milaya_mm
13.08.2024 01:35
Sögüşip, ýaraşyp, aglap kä gülüp,
Oýnan günlermizi bilmen çagyryp,
Belki-de durmuşda iň uly ýitgi,
Aladasyz geçip giden çagalyk.


✍🏻Şanazar Hydyrow 📃
24
114
milaya_mm
12.08.2024 19:24
Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Seniň nanyňy iýen günlemdir jennet
İndi iýjek bolup bir döwüm çörek
Mundan öň iýýärin müň döwüm minnet


Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Durmuşyň agramy asylýar çepden
Hemme zada çydan gaýdowsyz göwnüm
Dik başyny eğip basylýar etden


Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym
Şolaryň öňünde aşak egilýär
Zalym duşmanlara egmedik başym


Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm
Kaka uly bolmak aňsat däl eken


Ulalmak çyndanam kyn eken kaka
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim
Durmuş şo:l çagalyk oýnum bolsady
Ýadan wagtym oýnajakdäl diýerdim


✍🏻Aşyrow Tirkiş📃
19
58
milaya_mm
12.08.2024 00:04
Kalbini camdan yaparsan kıran çok olur 🥀 demirden yaparsan sonu pas olur 🍂
denizden yap ki içine giren kayıp olsun yüzmeyi bilen kurtulsun bilemeyen bogulsun...🥱💨
14
42
milaya_mm
11.08.2024 16:13
Bardağı yere at ve sonra ondan özür dile, aslında onu kırmak istemediğini ondan su içmek isteğini söyle...... İŞE YARARSA BEN BURDAYIM




Terjimesi:
Bakaly ýere at we ondan ötünç sora aslynda ony döwmek islemedigiňi ondan suw içmek isledigiňi aýt..... İŞE YARASA MEN ŞU ÝERDE
14
63
milaya_mm
11.08.2024 01:20
Ölemde geläýme gynan bolup,
Mazarym elläýme özgäni söýüp.
Toprağa siňip gidäýsem birdan,
Yzymdan aglaýma söýýärin diýip


✍🏻:🤷🏻‍♀️📃
14
35
milaya_mm
10.08.2024 13:51
Sözüňe baş eğip uýýar
Gyz kalby bar zady duýýar
Bezeg berýän, uly derýa
Kölde guba gazyň bolsun
Şonuň üçin gyzyň bolsun


Güler ýüzli garşylajak
Mydam seni arzylajak
Toý toýlasaň eğer ajap
Aýdymyňa sazyň bolsun
Şonuň üçin gyzyň bolsun


Bagtly günuňe şärikdir ol
Kyn günüňde ägirtdir ol
Ene-ata şägirtdir ol
Geljegiňe yzyň bolsun
Şonuň üçin gyzyň bolsun



✍🏻:Şanazar Hydyrow 📃
14
25