Öýkünme däl Kerim agaň sözüne
Ganly ýaş doldurma gara gözüne
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi
Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi
Men ýatyryn ejem çeker jebrini
Aýtsana seň şo edeniň dogrymy
Eý keç pelek aglatmagyn ejemi
Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly
Ağy sesi bir ölüme deň ýaly
Şu wagta çenli agladanlaň kem ýaly
Ýeter artyk aglatmagyn ejemi
Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy
Agysyna jiger bagrym köz boldy
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy
Bessir inni aglatmagyn ejemi
Keç ykbalym ele alyp bilmerin
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin
Ýadan dünýäge gezip bilmerin
Zalym pelek aglatmagyn ejemi
Käbäm diýer derdiň özüm alaýyn
Gal aýaga men saýaňda galaýyn
Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn
Meniň üçin aglatmagyn ejemi
Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny
Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny
Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny
Men aglaýyn aglatmagyn ejemi
Men ağlasam ejem garap durarmy
Jan jesetden çyksa ýürek urarmy
Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi
Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi
Maksat ýaş ogullary menden sorasyn
Hem ejäni hem saglygy gorasyn
Her ojakda gülki şatlyk döresin
Bir dileğim aglatmagyn ejâni
✍🏻 Maksat Şakirow 📃