milaya_mm
14.08.2024 03:17
Ýadadym aglamakdan
Ýöne umyt ölenok
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Niçe gyş ýazlar geçdi
Senden habar gelenok
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Ýadyňdamy şol mekdepde
Geçdi ençe ýyllarymyz
Biri-birege syrly bakyp
Sataşdyran ýyllarymyz


Neçün şonda dillenmedik
Lal açdymy dillerimiz
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Mydama seni söýüp gezerin
T:ä ölünçäm
Asla umudym sönmez
Senden habar gelinçä


Däli köňlim karar tapmaz
Bagtlydygyňy bilinçä
Ne hat ýazdyň
Ne jogap berdiň
Ýazan hatlaryma


Amangeldi sözlesem gursakdaky armany,
Bu duýgym bir hassadyr, ýokdyr onuň dermany.
Asla göwnüm aram bermez, ýar didaryn görmäni,
Ne hat ýazdyň, ne jogap berdiň ýazan hatlaryma.


✍🏻 Amangeldi Babaýew📃
15
38
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, 😌👈 bu nâme🧐
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
@milaya_mm, indi sana name bolly🧐
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
@milaya_mm, yok hic zat bolanok.
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
😶
PILOT👮‍♂️✈🛩
14 Awgust 2024
👍🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.