milaya_mm
12.08.2024 19:24
Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Seniň nanyňy iýen günlemdir jennet
İndi iýjek bolup bir döwüm çörek
Mundan öň iýýärin müň döwüm minnet


Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Durmuşyň agramy asylýar çepden
Hemme zada çydan gaýdowsyz göwnüm
Dik başyny eğip basylýar etden


Kaka uly bolmak aňsat däl eken
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym
Şolaryň öňünde aşak egilýär
Zalym duşmanlara egmedik başym


Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm
Kaka uly bolmak aňsat däl eken


Ulalmak çyndanam kyn eken kaka
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim
Durmuş şo:l çagalyk oýnum bolsady
Ýadan wagtym oýnajakdäl diýerdim


✍🏻Aşyrow Tirkiş📃
19
58
wolf
13 Awgust 2024
👍🏻🔥👍🏻🔥👍🏻
ATOMIC
12 Awgust 2024
⚜️👍👍🏻🌟👍👍🏻⚜️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.