Günbatar çagynda geçip bir töre
Kitap okar gözi äýneklije gyz
Säher turup okuwyna ýol alar
Nepis tahýa iki örmeklije gyz
Örümiň ujyny barmagyna orap
Ýel uğruna seýkin basyp uz ýöräp
Men diýen ýigitler yzyndan garap
Diýerler bir kemsiz görmeklije gyz
Gyz-gelinsiz geçmez toýdyr baýramlar
Bagşylar wasp edip daýym saýrarlar
Hyzmatyny gören galar haýranlar
İş edende ýeňi çermeklije gyz
Goly çeper müň hünär bar elinde
Şirin şeker hoşamaý söz dilinde
Öýüne gadyrly myhman gelende
Hyzmat eder goly çäýneklije gyz
Gündüziň güneşi gijäniň aýy
Gözüň röwşen tapar gördügüň saýy
Hoş gylyk ýumşak söz edebiň öýi
Ula kiçä sylag hormatlyja gyz
İşden eli artmaz çekikdir ýeňi
Eken bakjasynyň görünmez soňy
Çagalardan doly howlynyň öňi
Agyllary ekiz oglaklyja gyz
Gadamyň bildirmez göýä uçar sen
Bir ýerde durmarsyň ýöne göçer sen
Keteniň içinde öçmez ojar sen
Ýeň ýakasy uzyn köýneklije gyz
Şeýle gyzlar diňe mertleri söýse
Şol söýgi adalat dälmidir eýse
Merdiň sözün ýykman hoş sözi diýse
Ýylgyrsa ýaňagy oýmaklyja gyz
Şeýle gyzlar käte şahyry söýse
Şo:l söýgi adalat dälmidir eýse
Okap setirlermi gursagyna guýsa
Yzarlanda näzik barmaklyja gyz
Maksat şeýle güli barlar aýasyn
Teşnesini gandyr doldur joýasyn
İdelen gül özgä bermez öz ysyn
Müşk anbar lewi gaýmaklyja gyz
✍🏻Maksat Şakirow📃