melhem
08.09.2024 12:46
Bir gün parkda ýüzi salyk negatiw pikir edip bir adam otyrdy. Oturan adam işleri
düzelmeýän telekeçidi. Näme etse eden işleri düzelenokdy. Bir tarapdan karzyna beren
banklar beýleki tarapdan bolsa bergileri gyssaýardy. Haýsy tarapdan baksaňam çäre
tapylanokdy. Parka hem rahatlamak üçin gelipdi.
Şol wagt hem öňünden ýaşuly adam çykdy we ýaşuly: “Gamgyn görünýäň, seni
rahatsyzlandyran bir zadyň barlygy belli .... Nämedir ol ?” diýdi. Ýaşuly adam telekeçini
diňläninden soňra kömek edip biljekdigini aýdyp, çek depderini çykardy. Telekeçiniň
adyny sorady we bir çek ýazdy. Çegi telekeçä berjek wagtynda şeýle diýdi “ Bu pul seňki.
Mundan bir ýyl soňra edil şu ýerde duşuşarys we sen maňa bolan bergiňi şonda berersiň”
diýdi. Soňra ýaşuly adam gelşi ýaly gözden gaýyp boldy.
Eli çekli telekeçi doňup galdy. Ilki başda gözlerine ynanmady, çekde “ýüz müň
dollar” diýip ýazylypdy. Çekdäki gol bolsa döwletiň iň öňde baryjy milýonerleriniň birine
degişlidi. Başda bu pul bilen ähli bergilerinden dynyp biljegini pikir etdi, emma az soňra
bergisini yzyna gaýtarmalydygy ýadyna düşüp çegi böldürmekden ýüz öwürdi we çegi
kassasynda goýmagy makul bildi. Kassasynda köp mukdardaky pully çegiň bolany üçin
täze bir gowy niýet bilen işine eýerjeň ýapyşdy. Uly-kiçi diýmän, ähli işlere üns bermäge
başlady. Töleg meýilnamalaryny täzeden işläp düzdi. Netijeli edilen işler täze uly işleri
ýüze çykardy we birnäçe aý soňra işleri ýerbe-ýer bolmaga başlady.
Gün geçdigiçe bolsa ähli bergileri bilen hasaplaşdy hatda pul gazanmaga-da
başlady. Bütün ýyl boýunça işledi. Soňra bir ýyl diýlende, kassasyndaky böldürilmedik
çegi bilen parka gitdi. Bellenilen wagtyň bolmagyna garaşdy. Edil wagty gelende bir ýaşulynyň özüne tarap gelýänini gördi. Telekeçi ýaşuly adamyň eline çegi berip,gazanan
üstünlikleri hakda gürrüň bereýin diýip durka, bir şepagat uýasy geldi we ýaşuly adamy
tutdy. Şepagat uýasy “Ony tapanyma begenýän, sizi rahatsyz eden däldir diýip umyt
edýän” diýdi. “Çünki bu ýaşuly yzygider garrylar öýünden gaçyp, bu parka gelýär.
Hemmelere özüniň millionerdigini aýdyp ýalan sözleýär”diýdi. Soňra bolsa şepagat
uýasy ýaşuly adamyň golundan tutup telekeçiniň ýanyndan uzaklaşdy. Telekeçi näme
diýjegini bilmän doňup galýar. Bütün ýyl boýunça kassasynda ýüz mün dollarlyk çeginiň
bardygyna ynanyp işlerini dolandyrypdy. Indi görüp otursa, durmuş hal ýagdaýyny
üýtgeden zadyň pul bolmadygyna göz ýetirdi. Durmuş hal ýagdaýyny üýtgeden zat şol ýüz
müň dollarlyk çegiň üsti bilen peýda bolan “ynamdy”.
Üstünligiň syry, kassamyzdaky duran zatlar däl, ýüregmizde we aklymyzda bolan
zatlardyr. Ony başga ýerde gözlemegiň zerurlygy ýok.
13
106
melhem
30.08.2024 09:08
Birnäçe adamlar ýaşaýşy gizlin bir wezipe hökmünde pikir edip, ähli işleri diňe
özleri ýerine ýetirmeli diýip pikir edýärler.
Giç ýatyp, ir turarys, durmuşyň hözirini görmekden gaçyp, söýenlerimizi köp
garaşdyryp, olaryň umytlarynyň üzülmegine sebäp bolýarys. Gynansak-da, birnäçe
tanaýan adamlaryň ýakyn adamlaryny uzak wagtlap garaşdyryp, gatnaşygyň bozulmagyna
duçar boldular. Öňler men hem bu ýalňyşlygy ýygy-ýygydan goýberýärdim. Birnäçe gezek
“Edilmeli işleriň” tamalanjagyna ynanyp, “Ilki şu işleri bir tamamlaýyn” diýýäris. Emma,
hakyna seredilinde bu pikir düýpli netije bermez. “Edilmeli işleriň” sanawyndaky bir işiň
üsti çyzylsa, onuň ýerine täze bir edilmeli iş peýda bolýar.
Kim bolsaňyz boluň, näme işde işleseňiz işläň, emma, şuny unutmaň! Dünýäde
hiç bir zat sizi ýakynlaryňyzdan aýra salmaga güýji ýetmez! Eger kelläňizde “ähli işi
doly tamamlaýyn” diýen pikir bar bolsa, üstünlige ýetmekde kynçylyk çekersiňiz.
Ähli işlere ünsli çemeleşilse, her iş ňz wagtynda tamamlanar. Durmuşyň manysy
ähli işi bitirmekde däl-de, durmuşyň manysy bu ýolda ädilen her bir ädimiň hözirini
görmekde we bagtly ýaşamakdadyr.
Unutmaň! Bu dünýäden öteniňizde hem ýerine ýetirmeli işleriňiz doly
tamamlanmaz. Elmydama, iş sanawyňyzda ýerine ýetirmeli bir iş bardyr, bolaram we bu
galan işleri siziň ýeriňize başga biri tamamlar. Şonuň üçin hem gymmatly pursatlaryňyzy
eliňizden gidirip, soňra puşman etmeklik hiç bir işe ýaramaz.
Soňky puşman – özüňe duşman !
0
82
melhem
23.08.2024 22:40
Pul — bagty ýeňilleşdirýän hakykat
Eýsem, pul bagt getirýärmikä? Asyrlarboýy bu soraga jogap, megerem, «hawa» bolup biler. Puly bagt ýolunda ýokary derejede işleýän gural hökmünde ulanmak mümkin.
Pul – bagta ýetmek üçin ýeke-täk zat bolmasa-da, getirýän mümkinçilikleri sebäpli bagty ýeňilleşdirýän hakykatdyr. Geçirilen gözlegleriň netijelerine görä, belli bir derejede baýamagyň we bagtyň paralleldigini tassyklaýarlar, ýöne bu köp puluň has köp bagtdygyny aňlatmaýar. Belli bir derejeden soň puluň köpelmegi abadançylykda düýpli üýtgeşiklik döretmeýär.
Pul sizi nädip bagtly edýär? Maliýe abadançylygynyň belli bir derejesinden aşakda, has köp pul gazanmak bagt gözlemegiň aňsat usuly bolup biler. Ykdysadyýetçileriň aýdyşy ýaly, garyplyk meselelerini ýeňilleşdirýänligi sebäpli abadançylyk pes sosial-ykdysady derejede girdeji bilen ýokarlanýar. Adamlar has gowy iýip-içip bilerler, çagalaryna bilim berip bilerler, başgaça aýdylanda, bagtsyzlygyny azaldyp bilerler.
Oňyn duýgularyň köpelmegi we negatiw duýgularyň azalmagy garaşsyz newrologiki prosesleri öz içine alýar, ýöne tapawudy köplenç äsgermezlik edip bolýar. Umuman aýdanyňda, adamlar pullary ýok wagty bagtsyzdygyny we gazançlarynda bagtly bolmagyny ýada salýarlar. Pul bagty satyn alýar diýen bu ýalňyş düşünjäni programmirläp üýtgetmek kyn, esasanam, durmuşyň irki döwründe.
Haçan-da belli bir durmuş şertlerini kanagatlandyryp, pul bilen bagt satyn alyp bilmeseňiz, bu deňlemäni bozmagyň wagty geldi. Köplenç täze telefon satyn almak ýa-da egin-eşikleriňizi täzelemek siziň bagtsyzlygyňyza täsir etmeýär.
Pul nähili sarp edilýär? Esasy ýaşaýyş şertlerini üpjün edeniňizden soň, bar bolan puluňyz bilen näme etmelidigiňiz size bagly, ýöne ony iň bagtly eder ýaly baha bermek isleseňiz, maddy zatlardan daşlaşyp, ruhy zatlara ýüzlenip bilersiňiz. Tejribe toplamak, wagt gazanmak we başgalary begendirmek üçin pul harçlamak adamlara iň bagtly zatdyr.
Bu çemeleşmeleriň hemmesini birleşdirýän esasy faktora seredenimizde, adamlara duş gelýäris. Dynç alyş bolsun ýa-da agşamlyk nahary bolsun, tejribe satyn alyp, söýýän adamyňyz bilen paýlaşsaňyz, bagtyňyzy artdyryp bilersiňiz. Dostlar we maşgala bagtyň iki möhüm maddasydyr we bu adamlar bilen geçiren gyzykly pursatlaryňyz ömrüňiziň dowamynda ýakymly ýatlamalary döredýär. Edil şonuň ýaly-da, halamaýan zadyňyzy etmek üçin birine pul berseňiz we gazanýan wagtyňyzy sizi begendirjek bir zada sarp etseňiz, derrew abadançylygyňyzyň ýokarlanandygyny görüp bilersiňiz. Puluňyzy adama ýa-da gymmatly bir işe haýyr-sahawat bermek üçin sarp etseňiz, beýniňiz dopamin, serotonin we oksitosin bilen jogap berer we hal-ýagdaýyňyzy ýokarlandyrar.
Puluňyzy hyjuwlaryňyza goýberseňiz, işleýän, gazanýan, satyn alýan we netijede has bagtly bolmaga umyt edýän, ýöne tapmaýan ýeriňizde nägilelik sikline düşüp bilersiňiz. Pul gazanan her kim ony bagt satyn almak we gowulaşdyrmak üçin ulanyp biler.
Puluňyz köp bolmasa, gündelik durmuşymyzdaky stres faktorlaryny ýok etmek üçin zerur mukdary sarp etmek zerurdyr. Esasy zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolanyňyzda, materialistik hyjuwlaryňyza garşy göreşip, hakyky bagt getirýän adamlar bilen wagt geçirip bilersiňiz. Bagtly bolsaňyz we henizem puluňyz galan bolsa, ony başgalary paýlaşmak we söýmek guralyna öwrüp, ony bagt çeşmesine öwrüp bilersiňiz.
Çeşme:TürkmenGazet
14
24
melhem
08.08.2024 22:37
Zeleli ýok, undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Kim bilipdir öňden beýle boljagyn,
Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim
Ahmyryny ýele-göge sowurýar.
Aý, nätjek-dä, pelek işi, gysylma,
Baky däldir munda hiç zat, hasradam.
Bir gün geler, bagt gysdyrar gysymňa
Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.
Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň,
Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen!
Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!
Zeleli ýok, undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.
Aşyr HANOW
13
46
melhem
25.05.2024 12:31
Ilkinji äýnegiň nirede oýlanyp tapylandygy barada dürlüçe pikirler bolup, esasy maglumatlarda rimlileriň kiçi zatlary ulaldyp görkezýän tegelek aýnaly guraly ulanandyklary aýdylýar. XII asyrda hytaýly kazylaryň hem gözüni örtüp duran enjamlardan peýdalanandyklary barada ýazgylar bar. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji dakylýan äýnegi XIII asyrda italiýaly Salwino D’Armati oýlap tapýar. Bu äýnek iki sany ýönekeý tegelek aýna bölekden düzülip, agaçdan ýa-da haýwanyň şahyndan ýasalan çarçuwa berkidilipdir. Şeýle hem burnuň üstünde saklanýan ilgençegi ýa-da uzyn tutawajy bolupdyr. 1700-nji ýyllarda äýnegiň gulaga ildirilýän bölegi oýlanyp tapylyp, oňa «elsiz äýnekler» diýlip at berilýär. XVIII asyrda gaýçy ýaly ýygnalýan jübi äýnekleri ýörgünli bolup başlaýar. 1800-nji ýyllaryň başynda görüş bulaşyklygyny düzetmek üçin özboluşly linzalar işlenip düzülip, äýneklere oturdylyp başlanýar. 1900-nji ýyllarda esasan äýnekleriň daşky görnüşine uly üns berilýär. 1929-njy ýyldan başlap Gün şöhlesini yzyna serpikdirýän, lukmançylyk taýdan tassyklanan ýalpyldamaýan gündelik äýnekler öndürilip başlanýar. 1980-nji ýylda döwülmeýändigi hem-de ýeňildigi bilen tapawutlanýan plastik linzalaryň oýlanyp tapylmagy bilen äýnekler döwrebap görnüşe geçýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar bilen ugurdaş ösdürilýän äýnekleriň ýagtylygy serpikdiriji, Gün şöhlesinden goraýan, görşi gowulandyrýan hem-de 3 ölçegli (3D) görnüşleri bar. Äýnek önümçiliginde iň öňdebaryjy ýurt Hytaý bolup, ondan soňra degişlilikde Germaniýa, Angliýa we Fransiýa gelýär. Skandinaw ýurtlary dünýäde iň köp äýnek dakylýan ýurtlar hasaplanýar.
17
20
melhem
24.05.2024 14:43
Kakasynyñ şagyzy
Şirin-şeker,bal gyzym!
Sensiñ ömrümiñ ýazy,
Mydam bagtly bol,gyzym!
Seniñ göwnüñ-göwnümdir!
Barlygymsyñ,ömrümsiñ.
Durmuş öwrüm-öwrümdir,
Kötellidir,ýol gyzym!
Şol ýollarda sada bol,
Agras,asylzada bol,
Iñ esasam:adam bol,
Göreldeli,bol gyzym!
Güler ýüzüñ solmasyn,
Köñlüñde gam bolmasyn,
Alla seni goldasyn,
Belentlere gal,gyzym!
Dert tapyp kesellesem,
Ýüregime teselli sen.
Mertebäñ peselmesin,
Hormatlasyn il,gyzym!
Hemmä gowluk isleseñ,
Kalpda haýyr besleseñ,
Il gybatyn etmeseñ,
Ýetmez ýaman dil,gyzym!
Diýip"Men naçar,ejiz",
Başyñy burma hergiz!
Seni janymdan eziz
Görýändigmi bil,gyzym!
Ejizläniñ añdygym -
Ýanyñda men bardyryn,
Arkañdaky dagdyryn,
Aglama sen,gül gyzym!
Awtor:Mergen Annamuhammedow
22
29