melhem
07.09.2024 20:38
Birnäçe adamlar iş durmuşynda we jemgyýetde özüni güýçsiz we gereksiz
saýýar. Birnäçe ugurlarda :“Bu uly kynçylyk, ýeke özüm munuň hötdesinden gelip
bilerinmi?”- ýaly garaýyşlary psihologlar “Endik edilen çäresizlik”- diýip
atlandyrýarlar.
1955-nji ýyl Amerikanyň Montgomeri şäheri. Şol ýyllarda Amerikanyň
kanunyna görä garaýagyzlar awtobusda akýagyzlara turup, öz ýerini bermäge
borçludylar. Garaýagyzlar bu ýagdaýdan şikaýatçydy, emma ähli başarýan zatlary
zeýrenip, awtobusda akýagyzlara ýer bermekden ybaratdy.
Emma, olaryň içinden biri hanym Rosa Parks bir gün şeýle netijä geldi. Gelen
netijesi ähli garaýagyzlaryň durmuşyna şugla saçan bir netijedi. Ol: “Men mundan
beýläk akýagyzlara ýer berjek däl!”- diýdi. Ertesi gün ýanyna gelip, turmagyna
garaşýan akýagyza ýerini bermedi.
Taryha giren bu kararyň netijesinde wakalar ilki awtobusda soňra
Montgomerde we soňra bütin Amerikada äşgär bolýar. Bu waka Amerikada raýatlyk
hukugynyň emele gelmeginiň başlangyjy bolýar. Bu wakadan soňra Amerikada
garaýagyzlar akýagyzlara ýer bermäge borçly bolmaýarlar.

Durmuş guýysy hakykatda has çuň däldir, ýöne düşünje ýüpimiz
gysga bolany üçin durmuş guýysy bize has çuň bolup görünýär.
13
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.