Bir gün parkda ýüzi salyk negatiw pikir edip bir adam otyrdy. Oturan adam işleri
düzelmeýän telekeçidi. Näme etse eden işleri düzelenokdy. Bir tarapdan karzyna beren
banklar beýleki tarapdan bolsa bergileri gyssaýardy. Haýsy tarapdan baksaňam çäre
tapylanokdy. Parka hem rahatlamak üçin gelipdi.
Şol wagt hem öňünden ýaşuly adam çykdy we ýaşuly: “Gamgyn görünýäň, seni
rahatsyzlandyran bir zadyň barlygy belli .... Nämedir ol ?” diýdi. Ýaşuly adam telekeçini
diňläninden soňra kömek edip biljekdigini aýdyp, çek depderini çykardy. Telekeçiniň
adyny sorady we bir çek ýazdy. Çegi telekeçä berjek wagtynda şeýle diýdi “ Bu pul seňki.
Mundan bir ýyl soňra edil şu ýerde duşuşarys we sen maňa bolan bergiňi şonda berersiň”
diýdi. Soňra ýaşuly adam gelşi ýaly gözden gaýyp boldy.
Eli çekli telekeçi doňup galdy. Ilki başda gözlerine ynanmady, çekde “ýüz müň
dollar” diýip ýazylypdy. Çekdäki gol bolsa döwletiň iň öňde baryjy milýonerleriniň birine
degişlidi. Başda bu pul bilen ähli bergilerinden dynyp biljegini pikir etdi, emma az soňra
bergisini yzyna gaýtarmalydygy ýadyna düşüp çegi böldürmekden ýüz öwürdi we çegi
kassasynda goýmagy makul bildi. Kassasynda köp mukdardaky pully çegiň bolany üçin
täze bir gowy niýet bilen işine eýerjeň ýapyşdy. Uly-kiçi diýmän, ähli işlere üns bermäge
başlady. Töleg meýilnamalaryny täzeden işläp düzdi. Netijeli edilen işler täze uly işleri
ýüze çykardy we birnäçe aý soňra işleri ýerbe-ýer bolmaga başlady.
Gün geçdigiçe bolsa ähli bergileri bilen hasaplaşdy hatda pul gazanmaga-da
başlady. Bütün ýyl boýunça işledi. Soňra bir ýyl diýlende, kassasyndaky böldürilmedik
çegi bilen parka gitdi. Bellenilen wagtyň bolmagyna garaşdy. Edil wagty gelende bir ýaşulynyň özüne tarap gelýänini gördi. Telekeçi ýaşuly adamyň eline çegi berip,gazanan
üstünlikleri hakda gürrüň bereýin diýip durka, bir şepagat uýasy geldi we ýaşuly adamy
tutdy. Şepagat uýasy “Ony tapanyma begenýän, sizi rahatsyz eden däldir diýip umyt
edýän” diýdi. “Çünki bu ýaşuly yzygider garrylar öýünden gaçyp, bu parka gelýär.
Hemmelere özüniň millionerdigini aýdyp ýalan sözleýär”diýdi. Soňra bolsa şepagat
uýasy ýaşuly adamyň golundan tutup telekeçiniň ýanyndan uzaklaşdy. Telekeçi näme
diýjegini bilmän doňup galýar. Bütün ýyl boýunça kassasynda ýüz mün dollarlyk çeginiň
bardygyna ynanyp işlerini dolandyrypdy. Indi görüp otursa, durmuş hal ýagdaýyny
üýtgeden zadyň pul bolmadygyna göz ýetirdi. Durmuş hal ýagdaýyny üýtgeden zat şol ýüz
müň dollarlyk çegiň üsti bilen peýda bolan “ynamdy”.
Üstünligiň syry, kassamyzdaky duran zatlar däl, ýüregmizde we aklymyzda bolan
zatlardyr. Ony başga ýerde gözlemegiň zerurlygy ýok.