Beýnimiziň esasy bölegi garşymyza çykan häzirki päsgelçiliklere çäre tapmak bilen
meşguldyr. Bir gün ýa bir ýyl mundan ozal nämeler bolandygy ýa-da ertirki gün nämäniň
bolup biljegi häzirki wagt üçin zerur däldir. Siziň barlygyňyz häzirki wagt bilen
häsiýetlendirilýär. Bu şert hiç bir wagt öz täsirini ýitirmeýär.
Köpimiz ähli zadyň aladasyny şol bir wagtda etmäge çalyşýarys. Geçmişimiziň
kynçylyklary-geljegimize täsirini ýetirmegine dowam etýän bolsa onda bu ýagdaý
elmydama yzyňyzdan galmaz. Haýsy hem bolsa “bir gün” bu kynçylyklardan halas
bolaryn diýip pikir etmek ýalňyşlykdyr... Çünki ol “bir gün” hiç wagt bir sebäp bilen
ýakyn gelmez.
Biz indi bir geljegiň pikirine çuňňur aralaşan wagtymyz eýýäm çagalarymyz
ýetişýär,ýakynlarymyz bizden uzaklaşýar,dünýäsini täzeleýär,bedenimiz görnüşini
üýtgetýär. Munyň bilen birlikde hyýallarymyz hem uçup ýok bolup gidýär.
Durmuş-bu biziň geljegimiz hakynda pikirlenip meşgul wagtymyzda,bolup
geçýän wagt aralygydyr.
John Lennon